ÝUNESKO Marokkonyň paýtagty Rabat şäherini 2026-njy ýylda Bütindünýä kitap paýtagty hökmünde saýlady. Bu karar halkara guramalaryň tekliplerine esaslanyp kabul edildi. Rabat şäheri okamagy ýaýratmagy we ýerli neşirýatlary goldamagy maksat edinýän medeni çäreleriň merkezine öwrüler. ÝUNESKO-nyň baş müdiri Odre Azule Rabat şäheriniň medeni ähmiýetini bilimiň we sungatyň çatrygy hökmünde belläp geçdi. Şeýle hem ýurduň kitap pudagynyň bilim programmalaryny ösdürmekdäki hem-de dürli bilimleri we sungaty ýaýratmakdaky ähmiýetine ünsi çekmek bilen, ýurduň Medeniýet ministrligi Rabata berlen bu uly derejäni makullady we ony “Şamçyrag şäher” diýip atlandyrdy. 2026-njy ýylda şäherde ýurduň medeni mirasynyň baýlygyny görkezmek we kitaplaryň ählumumy dili arkaly medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri ösdürýän innowasion çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bütindünýä kitap paýtagty derejesiniň çäklerinde Rabat kitaplara elýeterliligi gowulandyrmak, aýratyn hem ýaşlary okamaga çekmek we ýerli neşirýatlary goldamak üçin dürli çäreleri gurar. Bu halkara gurama 2001-nji ýyldan bäri her ýyl Bütindünýä kitap paýtagtyny saýlaýar. Bu ýokary derejeli at kitap we okamak bilen baglanyşykly iň gowy jemgyýetçilik maksatnamalary üçin berilýär. 2024-nji ýylda Strazburg, 2025-nji ýylda Rio de Žaneýro şäheri bu halkara gurama tarapyndan kitap paýtagty saýlanypdy.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.