UEFA Milletler Ligasynda ilkinji çärýek finalçy belli boldy. Portugaliýanyň ýygyndysy täze tälimçisi Žorže Žeşuşyň ýolbaşçylygyndaky 4-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagy başardy. “A” Liganyň 4-nji toparçasynda öz meýdançasynda Norwegiýany kabul eden Portugaliýanyň ýygyndysy 2-1 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy. Oýnuň 36-njy minutynda Norwegiýa Aýeriň owadan goly bilen öňe geçdi. Ýöne 2 minutdan soň Žoao Kanselonyň hasam ajaýyp goly bilen hasap deňlendi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 11 minut galanda-da, Gonsalu Ramuş portugallara ýeňiş getiren goly geçirdi. Bu onuň şu Milletler Ligasyndaky 3-nji goly boldy. Oýnuň 86-njy minutynda 5 sekundyň dowamynda 2 gezek sary kart alan Fransişku Konseýsau meýdançadan çykaryldy.
Toparçadaky beýleki oýunda Daniýanyň ýygyndysy myhmançylykda Uelsiň ýygyndysyny Hýoýlunnyň 75-nji minutdaky penalti goly bilen 1-0 ýeňdi.
Şeýlelikde, 4 oýunda 12 utuk toplan Portugaliýanyň ýygyndysy çärýek finala çykan ilkinji topar boldy. Toparçada Daniýanyň 6, Uelsiň hem-de Norwegiýanyň 3 utugy bar. Indiki duşuşyklar noýabr aýynda geçiriler.
PDF








