Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!
Türk­men hal­ky müň­ler­çe ýyl­lyk ta­ry­hy­nyň do­wa­myn­da ru­hy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry dö­re­den halk­dyr. Dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň ägir­di, gör­nük­li akyl­da­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy bü­tin adam­zat üçin gym­mat­ly ga­ra­ýyş­la­ry bi­len dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň dür­ler ha­zy­na­syn­da he­mi­şe­lik orun alan­dyr. Şo­nuň üçin şa­hy­ryň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni giň­den öw­ren­mek bi­len bag­ly iş­ler ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, dün­ýä döw­let­le­ri ta­ra­pyn­dan uly gol­da­wa eýe bol­ýar. Be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi­ne ba­gyş­lan­ýan şu gün­ki wa­ka­nyň hem aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­ny bar­dyr.
Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!
Türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň to­ýy bu gün dün­ýä­niň to­ýu­na öw­rül­di. Da­na Py­ra­gy­nyň pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri asyr­lar­bo­ýy hal­ky­myz üçin, şeý­le-de beý­le­ki halk­la­ryň we­kil­le­ri üçin hem dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rü­lip gel­di.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýän şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­dy. Bu­la­ryň äh­li­si türk­men hal­ky­nyň be­ýik söz us­sa­dy­na bo­lan be­lent sar­pa­sy­ny ýü­ze çy­kar­ýar. Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) 2024-nji ýy­ly «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip yg­lan et­di.
Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!
Ýur­du­myz­da 2024-nji ýyl «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly diý­lip yg­lan edil­di. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz be­ýik akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny örän ýo­ka­ry de­re­je­de bel­le­mek, şa­hy­ryň umu­ma­dam­zat gym­mat­ly­gy­na öw­rü­len eser­le­ri­ni dün­ýä ýaý­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gyç­la­ry­ny öňe sür­di. Türk­me­nis­tan­ly hem-de da­şa­ry ýurt­ly meş­hur ýa­zy­jy-şa­hyr­lar, alym­lar, ede­bi­ýat­çy­lar, su­rat­keş­ler, sun­gat iş­gär­le­ri be­ýik şa­hy­ra ba­gyş­lap köp iş­le­ri bi­tir­di­ler, kä­mil eser­le­ri dö­ret­di­ler. Bu eser­ler söz us­sa­dy­nyň baý ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de, dün­ýä giň­den ýaý­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gö­zel kün­je­gin­de, Kö­pet­da­gyň ete­gin­de türk­me­niň be­ýik og­ly, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aja­ýyp heý­ke­li­niň we me­de­ni-se­ýil­gäh top­lu­my­nyň gu­rul­ma­gy Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­lan­gyç­la­ry bi­len berk bag­ly­dyr. Bu se­ýil­gäh top­lu­myn­da da­şa­ry ýurt­ly ýa­zy­jy-şa­hyr­la­ryň heý­kel­le­ri­niň hem otur­dyl­ma­gy Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan ber­ka­rar döw­le­tin­de dost-do­gan­ly­gyň da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir aý­dyň ny­şa­ny­dyr. Da­şa­ry ýurt­la­ryň bir­nä­çe­sin­de Mag­tym­gu­ly­nyň heý­kel­le­ri­niň otur­dy­lan­dy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek is­le­ýä­rin. Şeý­le sa­ha­wat­ly iş­ler halk­la­ryň ara­syn­da dost-do­gan­lyk köp­rü­le­ri­ni has-da pug­ta­lan­dyr­ýar.
Hor­mat­ly adam­lar!
Mag­tym­gu­ly­nyň baý maz­mun­ly be­ýik mi­ra­sy türk­men döw­le­ti­niň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy­ny kes­git­le­di. Onuň pa­ra­hat­çy­lyk, ada­lat­ly­lyk, yn­san­per­wer­lik, dost-do­gan­lyk we äh­li halk­la­ra hor­mat goý­mak ba­ra­da­ky düýp­li pi­kir­le­ri beý­le­ki döw­let­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­lar­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Türk­men­le­riň mil­li hä­si­ýe­ti­niň ke­ma­la gel­me­gin­de uly hyz­ma­ty bi­ti­ren akyl­dar şa­hyr köp ýurt­la­ra aý­la­nyp gö­rüp, dün­ýä akyl ýe­ti­rip­dir. Bu bol­sa onuň aň-dü­şün­je­sin­de öç­me­jek yz gal­dy­ryp­dyr. Dün­ýä­ga­raý­şy­nyň kä­mil bol­ma­gy­na, halk­la­ryň ara­syn­da me­de­ni­ýet­le­riň, bi­lim­le­riň öza­ra baý­laş­ma­gy­na ge­ti­rip­dir.
Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!
Ga­dyr­ly myh­man­lar!
Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti wa­tan­çy­lyk se­na­sy­dyr. Ol öz hal­ky­ny, top­ra­gy­ny sö­ýen, ony go­ra­ma­gy we onuň ga­dy­ry­ny bil­me­gi ün­dän wa­tan­çy şa­hyr­dyr. Adam­za­da aba­dan­lyk is­län we onuň dog­ry ýo­lu­ny gör­ke­zen be­ýik akyl­dar­dyr. Şa­hy­ryň goş­gu­la­ry ne­sil­ler­de wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi, ýo­ka­ry ah­lak­ly­ly­gy ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ryň bi­lim­li, hü­när­li, il-ýurt üçin, bü­tin adam­zat üçin ha­ýyr­ly iş­le­ri ama­la aşyr­ma­ga my­na­syp adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Hor­mat­ly fo­ru­ma gat­na­şy­jy­lar!
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň mi­ra­sy bi­ziň üçin uly baý­lyk­dyr. Akyl­dar şa­hy­ryň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly bol­ma­gy biz mu­kad­des bor­ju­myz ha­sap­la­ýa­rys. Onuň wes­ýet­le­ri­ne eýer­mek bi­len, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, bi­te­wü­li­gi­ni, ber­ka­rar döw­let­li­li­gi­mi­zi mun­dan beý­läk-de ber­ki­de­ris. Beý­le­ki döw­let­ler bi­len dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­my­zy gi­ňel­de­ris. Biz pa­ra­hat­çy­ly­gyň we adam­za­dyň saz­la­şyk­ly ösü­şi­niň bäh­bi­di­ne öz go­şan­dy­my­zy goş­ma­ga he­mi­şe taý­ýar­dy­rys.
Sö­zü­miň ahy­ryn­da fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­ne berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, jo­gap­kär­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­rin.
(Aş­ga­bat şä­he­ri, 2024-nji ýy­lyň 11-nji okt­ýab­ry)