Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň täze tälimçisi öňümizdäki günlerde belli bolup biler. Häzirki wagtda bu ýygynda wagtlaýynça bellenen Li Karsli tälim berýär. Topar onuň ýolbaşçylygynda Irlandiýa we Finlýandiýany 2-0 hasaplar bilen ýeňip, 2 gün öňem Gresiýadan ilkinji gezek utulypdy.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropa çempionatynyň finalyndan soň Gari Sautgeýt wezipesini taşlapdy. Angliýanyň ýygyndysy onuň tälimçiliginde 2 gezek yzly-yzyna Ýewropa çempionatynyň finalynda ýeňlipdi.

Ýurduň futbol federasiýasy germaniýaly tälimçi Tomas Tuhel bilen gepleşiklere başlady. Bu barada “Bild” gazetinde bellenilýär. Habarda 51 ýaşyndaky hünärmen bilen şertnama baglaşylmagyň bosagasyndadygy aýdylýar. Eger taraplar ylalaşan ýagdaýynda Tomas Tuhel Angliýanyň taryhyndaky 3-nji daşary ýurtly tälimçi bolar. Ondan öň şwesiýaly Swen-Goran Eriksson bilen italiýaly Fabio Kapello daşary ýurtly hünärmenler hökmünde Angliýanyň ýygyndysynyň tälimçisi bolupdy.

Şeýle-de, geçen maý aýynda “Bawariýadan” gaýdan Tuhel bilen “Mançester Ýunaýted” hem içgin gyzyklanýar. Klubuň ýolbaşçylarynyň Erik ten Hagyň ornuna Tuheli göz öňünde tutýandyklary habarda bellenilýär.