Ýurdumyzda üstümizdäki noýabr aýynda bellenilýän baýramlar bilen bagly birnäçe çäreler bilen bir hatarda täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasy, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni we Hasyl toýy giňden bellener.
Şeýle-de paýtagtymyzda Koreý medeniýetiniň hepdeligi, Ýewropanyň medeniýet günleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň nobatdaky mejlisi we «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwaly geçiriler.
Bulardan başga-da, geljek aýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleriň, şol sanda türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, milli däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň, aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça halkara internet olimpiadalarynyň, Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we çagalar sungat mekdeplerinde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly aýdym-sazly festiwalyň, şeýle hem halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan döredijilik çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Bu barada 31-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
PDF




