Halkara energiýa agentligi (IEA) gaýtadan dikeldilýän energiýa barda täze maglumat taýýarlady. Maglumatda dünýäde gaýtadan dikeldilýän energiýanyň möçberi 2030-njy ýyla çenli umumy sarp edilýän elektrik energiýasynyň ýarysyndan geçer. Alty ýylyň dowamynda global derejede gaýtadan dikeldilýän energiýanyň artan möçberi häzirki wagtda Hytaýda, Ýewropa Bileleşiginde, Hindistanda we ABŞ-da öndürilýän elektrik energiýasyna barabar bolar. Ýagny 2024-2030-njy ýyllar aralygynda gurlup ulanmaga beriljek desgalaryň önümçilik mukdary 5 müň 500 gigawata ýeter. Bu görkeziji 2017-2023-nji ýyllar aralygyndaky ösüşiň üç essesine barabar bolar. Şeýlelikde onýyllygyň ahyryna çenli diňe ýelden we Günden alynýan elektrik energiýasynyň möçberi umumy öndürilýän elektrik energiýasynyň 30 göterimine ýeter. Beýleki arassa çeşmeler hem hasaba alnan elektrik energiýasynyň ýarysy gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden üpjün ediler.
Awdylkerim Annaberdiýew, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.