Ýabany haýwanlaryň sany 1970-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli 73 göterim azalypdyr. Bu barada Londonyň zoologiýa jemgyýetiniň (ZSL) hasabatynda bellenilýär. ZSL tarapyndan taýýarlanan “Janly planetanyň indeksi” atly hasabatda 1970-nji we 2020-nji ýyla çenli ýabany haýwanlaryň takmynan 5,5 müň töwereginiň ýagdaýyna baha berilýär.
ZSL-iň hasabatyna görä, Latyn Amerikasynda we Karib deňzinde ýabany haýwanlaryň azalmagy ýokary derejede bolup, ýarym asyryň dowamynda 95 göterim azalypdyr. Afrikada 76 göterim, Aziýada we Ýuwaş ummanda 60 göterim, Demirgazyk Amerikada 39 göterim, Ýewropada 35 göterim.
ZSL-iň ýerine ýetiriji direktory Mäti Gould bu ýagdaýlaryň global maýlama, haýwanlaryň tebigy ýaşaýyş ýerleriniň ýok edilmegi, daşky gurşawyň hapalanmagy we adam işjeňliginiň beýleki täsirleri sebäpli hasam erbetleşip biljekdigini duýdurdy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, şu ýyl geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýanlaryň maslahatynyň 29-njy sessiýasy – COP29 dünýä liderlerine bu meseläni çözmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem hünärmenler döwlet we hususy pudaklaryň ýolbaşçylaryny bu ugurda maýa goýumlaryny artdyrmaga, howa, tebigat we durnukly ösüş syýasatlaryny has gowy sazlamaga çagyrýar.