Hytaýda geçirilen “Masters” tennis ýaryşlarynda erkekleriň arasynda Ýannik Sinner, zenanlardan Aryna Sabalenka çempion boldy. Olaryň ikisi-de finalda Pariž Olimpiadasynyň ýekeleýin ýaryşlardaky çempionlaryny ýeňlişe sezewar etdi. Iki tennisçi-de karýeralaryndaky ýekeleýin ýaryşlarda 17-nji kubogyny gazandy.

Hytaýyň Şanhaý şäherinde geçirilen erkekleriň arasyndaky “Masters” ýaryşynda sanawyň 1-nji belgili tennisçisi, italiýaly Ýannik Sinner ýeňiji boldy. Ol 1 sagat 37 minutlap dowam eden finalda Pariž 2024-iň çempiony, serbiýaly Nowak Jokowiçi 2 setiň dowamynda 7:6 we 6:3 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýerde ýeňiji bolan iň ýaş tennisçi adyny alan 23 ýaşyndaky Sinner şu möwsümde 2-si “Uly tuwalga” 7 ýaryşda çempionlyk gazandy. Ol finala çykan ýaryşlarynyň diňe birinde (“Hytaý Açyk”) ýeňlişe sezewar boldy. Sinneriň karýerasynda 17 çempionlyk bar. Umumy baýrak gaznasy 8,995 million dollara deň bolan ýaryşda Sinner ýeňiji hökmünde 1,262 million dollarlyk pul baýragy bilen sylaglandy.

13-nji gezek geçirilen Şanhaý “ATP Masters 1000” ýaryşynda Jokowiç ilkinji gezek finalda ýeňildi. Ol bu ýaryşda 4 gezek (2012, 2013, 2015, 2018) çempionlyk gazanypdy.

Hytaýyň Uhan şäherinde zenanlaryň arasynda geçirilen “WTA 1000” bäsleşiginde sanawyň 2-nji belgili tennisçisi Aryna Sabalenka çempion boldy. Ol finalda Pariž 2024-iň çempiony, hytaýly Çžen Sinweni 2 sagat 41 minutlap dowam eden 3 setde – 6:3, 5:7, 6:3 hasaplar bilen ýeňmegi başardy. Bu onuň “Uhan Açykdaky” bassyr 3-nji çempionlygy bolup, ol 2018-nji we 2019-njy ýyllarda-da ýeňiş gazanypdy. Ýaryş 2020-2023-nji ýyllar aralygynda pandemiýa sebäpli geçirilmändi. Sabalenka şu möwsümde 2-si “Uly tuwalga” 4-nji, karýerasyndaky 17-nji WTA çempionlygyny gazandy.