Bir gezek Mark mekdepden öýlerine dolanyp gelýärkä, öňünden barýan oglanjygyň büdräp ýykylyp, elinde göterip barýan iki switerini, beýsbol taýagyny, elligini, kiçijik magnitafonyny, kitaplary bilen birlikde elinden gaçyrandygyny görüpdir. Mark derrew dyzyna çöküp, oglanjygyň pytran goşlaryny ýygnamaga kömekleşipdir. Olaryň ikisem bir ugra barýanlygy üçin oňa goşlarynyň bir bölegini göterişmegi teklip edipdir.
Olar bile barýarkalar, Mark bu oglanjygyň adynyň Billdigini, wideooýunlary, beýsbol oýnamagy halaýandygyny, taryh bilen gyzyklanýandygyny, şeýle hem golaýda özüniň iň ýakyn dostlarynyň biri bilen öýkeleşendigini bilipdir. Öýlerine golaý gelenlerinde, Bill Marka öýe girmegi hem-de özi bilen kola içip, kino seretmegi teklip edipdir. Şeýlelikde, olaryň arasynda şadyýan gürrüňdeşlik bolupdyr, wagtlaryny oňat geçiripdirler, soňra Mark öýlerine dolanypdyr.
Olar mekdepde-de görşüp durmaklaryny dowam etdiripdirler, mekdebiň naharhanasynda bir-iki ýola bile oturyp günortanlyk hem edinipdirler. Olar başlangyç mekdepden, ýokary synplaryň okaýan mekdebine geçipdirler. Olar bu ýerde hem bir-birine tä mekdebi tamamlaýançalar, häli-şindi sataşyp durupdyrlar. Ahyry uzak garaşdyran gutardyş dabarasy-da golaýlapdyr. Dabara az wagt galanda, Bill öz dostuna onuň bilen özara gürrüňiniň bardygyny ýaňzydypdyr. Ol Marka tanyş bolan şol gününi ýatladypdyr.
– Meniň şol gün şonça ýük bilen mekdepden nirä alňasap barýanlygym barada pikir edip gördüňmi?! – diýip, Bill gürrüňe başlapdyr.
– Men şol gün mekdepdäki geýim asylýan otagdaky şkafdan paty-putularymyň kimdir birine oňaýsyzlyk döretmezligi üçin öz ýanym bilen alyp gaýdypdym. Şol gün göwnüçökgünlige düşüp, öýden nirädir bir ýerlere başymy alyp gidip, hiç haçanam dolanyp gelmeli däl diýen karara-da gelipdim. Emma biz wagtymyzy bile geçirip, gürleşip gülşenimizden soňra, bu niýetimi goýbolsun edipdim. Eger-de şol gün sen maňa gabat gelmedik bolsaň, soňra meniň durmuşymyň nähili tamamlanjakdygy bellem däldi. Şoň üçin Mark, şol gün sen meniň kitaplarymy ýygnaşaňda, diňe bir kömek etmän, has uly bir iş bitiripdiň. Has dogrusy, sen meniň ömrümi halas edipdiň, sagja bol dost – diýip, Bill Markyň elini çuňňur minnetdarlyk bilen gysypdyr.
Iňlis dilinden terjime eden
Merdan Annasähedow,
Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy.