Go­laý­da 1967-nji ýy­lyň No­bel ko­mi­te­ti­niň sa­na­wy mä­lim edil­di. Da­laş­gär­le­riň ady 50 ýyl­lap giz­lin­lik­de sak­lan­ýar. Bu ab­raý­ly baý­ra­gyň da­laş­gär­le­ri­niň sa­na­wyn­da Kons­tan­tin Pa­us­tows­kiý hem bar eken. Onuň kan­di­da­tu­ra­sy­ny şwed aka­de­mi­ýa­sy­nyň ag­za­sy Eý­wind Ýun­son öňe sü­rüp­dir, ýö­ne ko­mi­tet ka­bul et­män­dir.
Şeý­le hem aka­de­mi­ýa­nyň ar­hiw ma­te­ri­al­la­ryn­da Pa­us­tows­ki­niň dö­re­di­ji­li­gi­niň sel­je­ri­şi sak­lan­ýar. Bel­li ede­bi­ýat­çy Erik Mes­ter­ton Kons­tan­tin Ge­or­gi­ýe­wiç ba­ra­da şeý­le ýaz­ýar: “Hä­zir­ki za­man rus ede­bi­ýa­tyn­da Pa­us­tows­kiý şek­siz-şüb­he­siz gör­nük­li orun­la­ryň bi­ri­ni eýe­le­ýär”. Mun­dan baş­ga-da, şol ýyl bu baý­ra­ga Sem­ýu­el Bek­ket, Lui Ara­gon, Al­ber­to Mo­ra­wi­ýa, Hor­he Lu­is Bor­hes we beý­le­ki aw­tor­lar da­laş­gär­lik edipdir­ler. Ne­ti­je­de, baý­ra­gyň eýe­si gwa­temal ýa­zy­jy­sy we dip­lo­ma­ty Mi­gel An­hel As­tu­ri­as bol­ýar. Ol La­tyn Ame­ri­ka­sy­ndaky in­deý­le­riň däp-des­sur­la­ry­ny öz eser­le­rin­de aý­dyň be­ýan eden­li­gi üçin bel­li­ge alyn­ýar.