Her ýyl geçirilýän 6 uly marafon ýaryşynyň biri bolan Çikago marafonynda keniýalylar ýeňiş gazanyp, dünýä rekordy hasaba alyndy.
46-njy gezek geçirilen ýaryşda zenanlaryň arasynda keniýaly Rut Çepnetiç dünýä rekordyny goýdy. Ol 42,196 kilometr aralygy 2 sagat 9 minut 56 sekuntda tamamlap, dünýä rekordyny täzeledi. Zenanlaryň arasyndaky ozalky rekord efiopiýaly Tigst Assefa degişlidi. Ol geçen ýyl Berlin marafonynda 2 sagat 11 minut 53 sekuntda ýaryşy tamamlapdy. Rekordy 2 minuta golaý ösdüren 30 ýaşyndaky Çepngetiç Çikago marafonynda 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýeňiji bolupdy.
Ýaryşda Çepngetiçden soň efiopiýaly Sutume Kebede 2-nji, keniýaly Irine Çeptai 3-nji ýeri eýeledi. Kebede ýeňijiden 7 minut 36 sekunt, Çeptai bolsa 7 minut 55 sekunt giç pellehana geldi.
Erkekleriň arasynda keniýaly Jon Korir 2 sagat 2 minut 4 sekuntda pellehana gelip, 1-nji orna mynasyp boldy. 2 sagat 4 minut 39 sekuntda ýaryşy tamamlan efiopiýaly Mohamed Esa 2-nji, 2 sagat 4 minut 50 sekuntda pellehanadan geçen keniýaly Amos Kipruto 3-nji orny eýeledi.
Çikago marafonyna bu ýyla 50 müňden gowrak türgen gatnaşdy.