Şwesiýanyň Ylymlar akademiýasy amerikan alymlary Daron Ajemogluny, Saýmon Jonsony we Jeýms Robinsony “edaralaryň döredilişi we olaryň abadançylyga nähili täsir edýändigi baradaky barlaglary üçin” 2024-nji ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy bilen sylaglady. Bu baýrak ykdysady ylymlar pudagynda iň abraýly baýrak hasaplanýar.
Metbugat üçin beýanatda şu ýylky baýraklaryň ýurtlaryň gülläp ösmeginde jemgyýetçilik institutlarynyň ähmiýetini görkezendigi bellenilýär. Olar ýurtlaryň arasyndaky abadançylykda näme üçin şeýle uly tapawudyň bardygy baradaky täze pikirleri hödürlediler. Iň möhüm düşündirişleriň biri bolsa, jemgyýetçilik institutlaryndaky durnukly tapawutlar. Ajemoglu, Jonson we Robinson ýewropalylar tarapyndan girizilen dürli syýasy we ykdysady ulgamlary içgin öwrenip, edaralar bilen abadançylygyň arasyndaky baglanyşygy görkezmegiň hötdesinden geldiler.
1901-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy 55 gezek gowşuryldy.
Nobel hepdeligi 7-nji oktýabrda fiziologiýa we lukmançylyk boýunça baýrak eýeleriniň atlarynyň mälim edilmegi bilen başlandy. 8-nji oktýabrda fizika boýunça, 9-njy oktýabrda himiýa boýunça, 10-njy oktýabrda edebiýat boýunça baýrak eýeleriniň atlary yglan edildi. 11-nji oktýabrda parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi belli boldy. Baýrak gowşurylyş dabaralary adatça 10-njy dekabrda şwesiýaly alym we oýlap tapyjy Alfred Nobeliň aradan çykan güni geçiriler.