14-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­ru­myň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan bri­fing ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, akyl­dar şa­hy­ryň yn­san­per­wer ga­ra­ýyş­la­ry beý­le­ki halk­la­ra hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýar. Bu ýö­rel­ge­ler Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň hem maz­mu­ny­ny eme­le ge­ti­rip, tu­tuş dün­ýä­de dost-do­gan­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga hyz­mat ed­ýär. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýö­rel­ge­le­ri wa­gyz edip, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de umu­ma­dam­zat bäh­bit­li baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň dia­log we yna­nyş­mak ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li ta­gal­la­la­ry hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­giň yk­rar­na­ma­sy­na eýe bol­ýar. BMG bi­len al­nyp ba­ryl­ýan hyz­mat­daş­lyk ýur­du­my­zyň bu ýö­rel­ge­le­re berk yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy bir­nä­çe Ka­rar­na­ma­la­ry, şol san­da 2025-nji ýy­ly «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma­ny ka­bul et­di. Bu mö­hüm res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji ýurt hök­mün­de hal­ka­ra gi­ňiş­lik­dä­ki or­nu­ny has-da ber­kit­di.
Bri­fing­de ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­sy­nyň, da­şa­ry ýurt­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry çy­kyş et­di­ler. Çy­kyş­lar­da nyg­ta­ly­şy ýa­ly, akyl­dar şa­hy­ryň hiç ha­çan äh­mi­ýe­ti­ni ýi­tir­me­ýän dö­re­di­ji­li­gi­ne bü­tin dün­ýä­de uly sar­pa go­ýul­ýar. Onuň eser­le­ri je­bis­leş­di­ri­ji güýç bo­lup çy­kyş ed­ýär. Söz us­sa­dy­nyň eser­le­ri­niň da­şa­ry ýurt dil­le­ri­niň on­lar­ça­sy­na ter­ji­me edil­me­gi mu­ny aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär. Köp san­ly da­şa­ry ýurt alym­la­ry şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­ne ba­gyş­lap, yl­my iş­le­ri ýaz­dy­lar hem-de onuň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­ma­ga my­na­syp go­şant goş­du­lar. Bu gün Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry dün­ýä­niň halk­la­ry bi­len dost­luk­ly, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de we hal­ka­ra yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da türk­men hal­ky­nyň hoş­me­ýil­li er­ki­niň il­çi­si­ne öw­rül­di. Da­na Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi adam­kär­çi­li­giň we ah­lak päk­li­gi­niň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. Şa­hyr öz goş­gu­la­ryn­da wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge, yn­san­per­wer­li­ge ça­gy­ryp­dyr. Be­ýik akyl­da­ryň bu tag­lym­la­ry hä­zir­ki ne­sil­ler üçin gym­mat­ly mi­ras bol­mak bi­len, onuň dö­re­di­ji­li­gi dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň ara­bag­la­ny­şy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.