14-nji okt­ýabr­da paý­tag­ty­myz­da Türk­me­nis­ta­nyň, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň ikin­ji du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di.
Hä­zir­ki wagt­da par­la­ment hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ýurt­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li dia­lo­gy alyp bar­ma­gyň, ne­ti­je­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy we öza­ra dü­şü­niş­me­gi pug­ta­lan­dyr­ma­gyň mö­hüm gu­ral­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. «Pa­ra­hat­çy­ly­gyň, gül­läp ösü­şiň we öza­ra yna­nyş­ma­gyň ha­ty­ra­sy­na hyz­mat­daş­lyk» at­ly ple­nar mej­lis­de çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­tan bi­len da­şa­ry ýurt­la­ryň ara­syn­da par­la­ment gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa mö­hüm or­nuň de­giş­li­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry ne­ti­je­sin­de hä­zir­ki wagt­da halk­la­ryň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­lar tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, has-da ös­dü­ril­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri bi­len Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gün ter­ti­bin­dä­ki me­se­le­ler bi­len bir ha­tar­da, par­la­men­ta­ra dia­log hem ýo­ka­ry de­re­je­de ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de, öza­ra gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Şun­da par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­na uly orun de­giş­li­dir. Ola­ryň işi do­gan­lyk halk­la­ryň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­me­giň ne­ti­je­li gu­ra­ly bo­lup dur­ýar.
Gü­nüň ikin­ji ýa­ry­myn­da du­şu­şyk «Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet we se­na­gat», «Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň tä­si­ri­ni pe­selt­mek ug­run­da hyz­mat­daş­lyk» at­ly bö­lüm­çe­ler­de do­wam et­di.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da «Dia­log — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» at­ly tä­ze fi­lo­so­fi­ýa­ny öňe sür­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça «2025-nji ýyl — Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. 86 döw­let bu Ka­rar­na­ma­nyň aw­tor­da­şy bo­lup çy­kyş et­di. Baş As­samb­le­ýa­nyň 79-njy ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy we howp­suz­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin mil­li, şeý­le hem hal­ka­ra de­re­je­de iş alyp bar­ma­gy mak­sat edin­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­dy.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar eý­ýäm ne­ti­je­li­li­gi­ni gör­ke­zen «Mer­ke­zi Azi­ýa — Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy» for­ma­ty­nyň mö­hüm­di­gi­ni aý­dyp, bi­le­lik­dä­ki me­ýil­na­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek üçin al­ty ýur­duň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Şeý­le-de du­şu­şyk­da dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, hyz­mat­daş­ly­gyň hu­kuk esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­bat­da mil­li tej­ri­be­le­ri alyş­mak, par­la­ment we ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň hä­zir­ki za­man usul­la­ry, par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­nyň, ugur­daş ko­mi­tet­le­riň, ze­nan par­la­men­ta­ri­le­riň we ýaş de­pu­tat­la­ryň ara­syn­da gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ba­ra­da pi­kir al­şyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň par­la­ment­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň du­şu­şy­gy­nyň yzy­gi­der­li dia­log hem-de dür­li ul­gam­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ugur­la­ry­ny kes­git­le­mek ba­bat­da ne­ti­je­li meý­dan­ça bol­jak­dy­gy nyg­tal­dy.
Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň ikin­ji du­şu­şy­gy­nyň ne­ti­je­le­ri tek­lip­ler esa­syn­da ka­bul edi­len Bi­le­lik­dä­ki Jar­na­ma­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Türk­men-ko­reý ge­ňeş­me mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di
Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň ikin­ji du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li As­samb­le­ýa­sy­nyň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ikin­ji türk­men-ko­reý ge­ňeş­me mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän du­şu­şyk­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­ýär. Par­la­men­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýan­dy­gy­na aý­ra­tyn üns çe­kil­di. Şun­da 2023-nji ýy­lyň sent­ýab­ryn­da Se­ul şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň bi­rin­ji du­şu­şy­gy­na Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň gat­na­şan­dy­gy aý­dyl­dy. Şu­nuň bi­len bir­lik­de, söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer, ulag, ener­ge­ti­ka, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar, ylym-bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, sport, sy­ýa­hat­çy­lyk, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Şol gün par­la­ment ýol­baş­çy­la­ry­nyň ikin­ji du­şu­şy­gy­nyň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Ma­ži­li­si­niň Baş­ly­gy Ý.Ko­şa­now, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oli Maj­li­si­niň Na­mo­ýan­da­gon Maj­li­si­niň Baş­ly­gy M.Zo­kir­zo­da, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Oliý Maj­li­si­niň Ka­nun çy­ka­ry­jy pa­la­ta­sy­nyň Baş­ly­gy N.Is­moi­low bi­len du­şuş­dy. Şeý­le hem par­la­men­ta­ra dost­luk to­par­la­ry­nyň iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry bol­dy.