Käbir oýnawaçlar üstünden näçe wagt geçse-de ähmiýetini ýitirmeýär. Şolaryň hatarynda Rubigiň kubjagazy, tetris, pazzl ýaly oýunjaklar bar. ABŞ-ly 16 ýaşly Maýkl Han Artiaga Tetrisiň 255 tapgyryny tamamlamagy başardy. Ýigdekçe oýnuň “Nintendo” nusgasyny oýnap, “Twitch” platformasy arkaly isleg bildirýänlere göni ýaýlym arkaly görkezdi. “Dogplayingtetris” ady bilen oýnaýan amerikaly ýetginjek oýnuň ähli tapgyrlaryny 82 minutda geçdi. Oýunçynyň oýnuň 155-nji derejeden soň hem dowam edýän “Nintendo Entertainment System” (NES) konsoly üçin döredilen nusgasyny ulanandygy mälim edildi. Şeýlelikde Artiaga “Tetrisi” “täzeden başladan” taryhdaky ikinji adam boldy. Ol metbugat işgärlerine “Men bu oýnuň gutarandygyna diýseň begenýärin. Sebäbi men indi bu oýny hiç haçan oýnamak islemerin”- diýdi.
Artiaga mundan ozal hem bu ugurda birnäçe rekord goýup, Ginnesiň rekodlar kitabyna adyny ýazdyrypdy. Mundan ozal bu oýnuň asyl nusgasyny oklahomaly 13 ýaşly Willis Gibson soňuna çenli geçen geçipdi. Ol şu ýylyň ýanwar aýynda 157-nji derejesine ýetipdi, şondan bäri hem bu oýun mundan beýläkki programma kodunyň ýoklugy sebäpli togtady.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.