2023-nji ýylda dünýäde ortaça ömür dowamlylygy 73,3 ýaşa ýetip, pandemiýadan öňki derejä golaýlaşdy. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy habar berýär. Şeýle hem ähli ölüm ýagdaýlarynyň 74 göterimi ýokanç däl keselleriň paýyna düşýär. Ýürek-damar keselleri ölümiň esasy sebäbi bolmagynda galýar. Sagdyn ömür dowamlylygy bolsa 62,8 ýaş boldy.
PDF







