UEFA Milletler Ligasynda A Liganyň 2-nji toparçasynda Fransiýanyň ýygyndysy myhmançylykda Belgiýany 2-1 hasabynda ýeňdi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda 23-nji minutda Belgiýanyň ýayrmgoragçysy Ýuri Tilemansyň ýerine ýetiren penaltisi dürs bolmady. 35-nji minutda bolsa Fransiýadan Kolo Muani penaltini dürs urup, hasaby açdy. Ýöne 1-nji ýarymyň ahyrynda, has takygy, 45+3-nji minutda Loi Opendanyň goly bilen ýer eýeleri hasaby deňledi. 2-nji ýarymda-da Fransiýa ýene-de Kolo Muaniniň goly bilen öňe geçdi (62). Oýnuň 76-njy minutynda Fransiýadan Tçuameni gyzyl kart alsa-da, Belgiýanyň ýygyndysyna galan minutlarda hasaby deňlemek başartmady. Duşuşyk 2-1 hasabynda Fransiýanyň peýdasyna tamamlandy we olara çärýek finala çykmak üçin 1 utuk ýeterlik.