7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Gresiýa Respublikasyndaky Ilçisi T.Kömekow Gresiýanyň DIM-niň Protokol bölüminiň başlygy Aglaýa Balta ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Şeýle hem Ilçi T.Kömekow bilen Gresiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandra Papadopulunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn saparlaryň gurnalmagyna aýratyn üns berildi.
2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda T.Kömekow Gresiýa Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasary I.Litriwi we onuň kärdeşi K. Kotsaridu bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ösdürmegiň geljegi, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda tejribe alyşmak we türkmen talyplarynyň Gresiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Şol gün Gresiýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary K. Fragkogiannis bilen duşuşyk geçirildi. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine ünsi çekip, söhbetdeşler bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Ilçi T.Kömekow Gresiýa Respublikasynyň Oba hojalygy ministri K.Tsiaras bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň çäklerinde oba hojalygy ugrunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.