Käbir guş görnüşleri hepdeläp, hatda aýlap diýen ýaly uçup bilýär. Häzire çenli olaryň uçýan döwründe nähili dynç alýandygy anyk bilinmeýärdi. Howada mahaly beýnisiniň ýarysy oýa, beýleki ýarysynyň ukuda bolýandygy, bu ýagdaýyň gezekleşip dowam edýändigi çaklanylýardy. “Nature Communications” žurnalynda çap edilen makalada bu barada giňişleýin maglumat berildi. Geçirilen ylmy barlagyň çäklerinde fregat guşlarynyň beýnisindäki elektrik energiýasy bilen bagly hereketi yzarlamak üçin enjamlar ýerleşdirilipdir. Alnan netijelere görä, bu guşlar gije-gündiziň dowamynda 41 minut uklaýan eken. Bu uky gury ýerde uklaýan wagtyndan has az. Adatça, bu äpet guşlar gury ýerde ýaşaýarkalar, günüň ýaryny uklap geçirýärler. Alymlar guşuň diňe bir gözüni ýumup uklaýandygyny belleýärler. Şeýlelikde, olar gitmeli ugurlaryny ýalňyşmaýarlar we ýüze çykyp biläýjek howplara garşy ätiýaçly bolýarlar. Şeýle hem bu guşlar aerodinamik deňagramlylygy saklamak üçin has belentdäki howa akymyndan peýdalanýarlar. Muňa garamazdan, olaryň gaty az wagtlyk hem bolsa, iki gözüni ýumup uklaýan pursatlary hem bolýar. Bu guşlar, esasan, günorta ýarym şarda uzak adalarda deňiz we umman kenarlarynda, ýaşaýar.