Bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri kos­mos pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da tä­ze sep­gi­de ýet­di. Kom­pa­ni­ýa köp ýyl­dan bä­ri kos­mo­sa ama­la aşy­ryl­ýan gat­naw­la­ryň ar­zan­la­dyl­ma­gy üçin ra­ke­ta­la­ry gaý­ta­dan ulan­ýar. Mun­dan ozal, as­man gi­ňiş­li­gi­ne haý­sy­dyr bir en­ja­my äki­den gö­te­ri­ji ra­ke­ta­nyň ga­lan bö­le­gi yzy­na ge­ti­ri­lip, su­wuň ýü­zün­dä­ki plat­for­ma gon­du­ryl­ýar­dy. «Stars­hip» ra­ke­ta­sy ar­ka­ly ama­la aşy­ry­lan bä­şin­ji sy­nag uçu­şyn­da bol­sa, uçu­ry­lan ra­ke­ta­nyň ga­lan bö­le­gi kos­mod­rom­da­ky uçuş di­ňi­ne gel­di we ony sak­la­ýan «gol­lar» ta­ra­pyn­dan tu­tu­lyp alyn­dy. Şeý­le­lik­de, uzyn­ly­gy 121 met­re ba­ra­bar bo­lan äpet ra­ke­ta­dan ga­lan bö­lek 7 mi­nut­dan soň­ra uçan ýe­ri­ne gaý­dyp gel­di.
«SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hü­när­men­le­ri «köp ge­zek­lik» ra­ke­ta­la­ry iş­läp taý­ýar­lap, onuň ba­ha­sy­ny gör­ne­tin ar­zan­lat­ma­gy ba­şar­dy­lar.

Şat­lyk AL­LA­NA­ZA­ROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.