«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da bag­ty­ýar hal­ky­myz Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny giň­den, da­ba­ra­ly bel­läp geç­ýär. Şan­ly ýy­ly­my­zyň ba­şyn­dan bä­ri ýur­du­myz­da we da­şa­ry ýurt­lar­da be­ýik söz us­sa­dy­my­zyň ede­bi mi­ra­sy­na ba­gyş­la­nan çä­re­le­riň en­çe­mesi ge­çi­ril­di.
Aş­ga­bat­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­me­gi akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň at-owa­za­sy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy.
Bu ýo­ka­ry de­re­je­li fo­ru­ma gat­naş­mak üçin Er­me­nis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Waagn Ha­ça­tur­ýan, Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ma­sud Pe­zeş­ki­an, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ža­pa­row, Mon­go­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Uh­naa­giýn Hu­rel­suh, Pa­kis­tan Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Asif Ali Zar­da­ri, Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ýur­du­my­za gel­di­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, türk­men hal­ky­nyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň to­ýy bu gün dün­ýä­niň to­ýu­na öw­rül­di. Da­na Py­ra­gy­nyň pa­ra­sat­ly pi­kir­le­ri asyr­lar­bo­ýy hal­ky­myz üçin, şeý­le-de beý­le­ki halk­la­ryň we­kil­le­ri üçin hem dur­muş ýö­rel­ge­si­ne öw­rü­lip gel­di.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň gol­ýaz­ma­lar top­lu­my Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) «Dün­ýä­niň ha­ky­da­sy» mak­sat­na­ma­sy­nyň hal­ka­ra sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi, şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­nyň bu ab­raý­ly gu­ra­ma bi­len bi­le­lik­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýän şan­ly se­ne­le­riň sa­na­wy­na go­şul­ma­gy, şeý­le hem Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy (TÜRK­SOÝ) ta­ra­pyn­dan 2024-nji ýy­lyň «Tür­ki dün­ýä­si­niň be­ýik şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ýy­ly» di­ýip yg­lan edil­me­gi akyl­dar şa­hy­ry­my­za goý­lan aý­ra­tyn hor­mat-sar­pa­nyň ny­şa­ny­dyr.
Nus­ga­wy şa­hy­ryň eser­le­ri­niň köp dil­le­re ter­ji­me edi­len­di­gi hem-de ola­ryň dün­ýä­niň on­lar­ça ýur­dun­da ne­şir edi­len­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­ni­lip, be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry­nyň, saý­la­nan eser­le­ri­niň çap edil­me­gi­ni we ne­şi­re taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny mun­dan beý­läk-de hö­wes­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy be­ýan edil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň en­sik­lo­pe­di­ýa­la­ry­ny» ne­şir et­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni iş­jeň öw­ren­mek üçin uly gy­zyk­lan­ma­la­ryň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Bu ne­şir­de Mag­tym­gu­ly­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­ýän alym­la­ryň yl­my-bar­lag iş­le­ri ba­ra­da­ky mag­lu­mat­lar top­la­ny­lar. Bu ba­ra­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan «Dö­wür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­ru­myň Jem­leý­ji res­mi­na­ma­syn­da bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.
Ha­ky­kat­dan hem türk­men şa­hy­ry äh­li halk­la­ryň şa­hy­ry­na öw­rül­di. Bu fo­ru­ma gat­naş­ma­ga ge­len Er­me­nis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň hem-de Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­dent­le­ri öz ýa­ny bi­len öz­bek, gyr­gyz hem-de er­me­ni dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­len Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň goş­gu­lar ýy­gyn­dy­la­ry­ny ge­tir­di­ler we Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za gow­şur­dy­lar.
Akyl­dar şa­hyr Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni wa­gyz et­mek ba­bat­da me­de­ni dia­log döw­let­le­riň ara­syn­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne uly go­şant goş­ýar. Şeý­le hem akyl­dar şa­hy­ry­my­zyň halk­la­ryň ara­syn­da dost­lu­gyň we öza­ra dü­şü­niş­me­giň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na, ola­ryň me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra baý­laş­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän pi­kir­le­ri äh­li ýurt­la­ryň dil­le­ri­niň se­na­sy­na öw­rül­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hormatly Prezidentimiziň bel­leý­şi ýa­ly, be­ýik akyl­da­ry­my­zyň to­ýy ha­ky­kat­dan hem dün­ýä döw­let­le­ri­niň to­ýu­na öw­rül­di.
Gün­do­ga­ryň meş­hur akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny dün­ýä ýaý­mak­da, iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek­de bi­ti­ren hyz­mat­la­ry üçin Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň fo­ru­ma gat­na­şan dün­ýä döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­ny «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly bi­len sy­lag­la­ma­gy bol­sa, dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň no­bat­da­ky da­ba­ra­lan­ma­sy­na öw­rül­di.

Şi­rin ÇA­RY­ÝE­WA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.