Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana ilkinji döwlet sapary türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň taryhynda täze sahypany açdy. Türkmen-mongol gatnaşyklarynyň mazmuny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ählumumy ösüşiň ýörelgelerine garaýyşlar babatda doly özara düşünişmek bilen şertlendirilendir. Mongoliýa Türkmenistanyň bitarap daşary syýasat ugruny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynda we beýleki halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny köp ýyllaryň dowamynda goldaýar. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Mongoliýanyň dünýäniň syýasy giňişliginde öňe sürýän garaýyşlaryny we halkara ähmiýetli tekliplerini mundan beýläk-de goldamagy maksat edinýär.
Ine, şu nukdaýnazardan, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň bu taryhy sapary uly ähmiýete eýe boldy. Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh saparyň dowamynda meşhur türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşdy hem-de bu çäräniň ýokary derejede guralandygyny belledi. Ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda syýasat, ykdysadyýet, oba hojalygy, ulag, logistika, syýahatçylyk, bilim, medeniýet ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem bu sapar köp sanly resminamalaryň gol çekilmegi bilen tapawutlandy. Iki ýurduň arasynda ulag ulgamynda, hususan-da howa hem-de awtomobil gatnawlary babatda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Mongoliýanyň we Türkmenistanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, taraplar hemişelik esasda ýurtlaryň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň arasynda özara saparlary geçirmek, tejribe alyşmak, işgärler bilen üpjünçiligi berkitmek, hyzmatdaşlygyň resminamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek barada ylalaşdylar. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-mongol toparyny döretmek boýunça ylalaşyldy. Bu resminamalar iki tarapyň hem milli bähbitlerini, durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, köpugurly döwletara dialogy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň binýadyny goýdy.
Mongoliýa bilen Türkmenistanyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklar bilen bir hatarda ynsanperwer ugurda, ýagny bilim, medeni ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda tagallalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň bilim, ylym, medeniýet edaralarynyň, uniwersitetleriniň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak teklip edildi. Maddy däl, medeni mirasy bilelikde öwrenmek we wagyz etmek boýunça işleri geçirmegiň wajypdygy nazara alnyp, türkmen tarapyna Mongoliýada her ýyl geçirilýän «Çarwa» atly bütindünýä medeni festiwala gatnaşmak başlangyjy öňe sürüldi.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlete öwrüldi. Ähli pudaklarda uly ösüşleriň gazanylmagy, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy munuň aýdyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, dürli ugurlarda türkmen-mongol hyzmatdaşlygyny hem ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Saparyň çäklerinde ilkinji gezek türkmen-mongol işewürler forumy geçirilip, oňa mongol tarapyndan 40-dan gowrak kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagy iki döwletiň arasynda söwda-ykdysady hem-de hususy pudagyň wekilleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin nobatdaky ädim boldy.
Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli taryhy duşuşyk ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ygrarlydygyny tassyklamak bilen, häzirki zaman türkmen-mongol hyzmatdaşlygynyň senenamasynda möhüm sahypany açdy.
Didar ÇOLUKOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.