Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işler durmuşa geçirilýär.
Ýaşlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda kemala gelmegi ugrunda edilýän tagallalaryň biri hem olaryň ylymly-bilimli bolmagyny gazanmakdyr. Ylym-bilim diýlende, kitap has öňdäki orna çykýar. Ýaşlarda kitaba bolan söýgini döretmek mukaddes borçdur. Kitap – hazynalar ummany. Kitap – bilimiň çeşmesi. Kitap adamzat durmuşynyň deňsiz-taýsyz gymmatlygy, gaýtalanmajak oýlap tapmasydyr. Biziň ata-babalarymyz kitaba aýratyn hormat goýupdyrlar. Muny biziň nusgawy edebiýatymyzyň naýbaşy eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görüp bilýäris. Kitaba bolan hormat diňe bir biziň türkmen halkymyzda bolman, eýsem, ol dünýäniň ähli künjeginde ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýan gymmatlyklaryň hataryna girýär. Kitap çagalara başlangyç terbiýäni bermekde hem aýratyn orna eýe bolup durýar. Bu babatda ertekiler, çagalar üçin goşgular we sanawaçlar uly isleg bilen peýdalanylýar.
Türkmen halkynyň kitaba goýýan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary dünýä jemgyýetçiligine ýetirilýär. Kitaphanalaryň täze syýasy, ylmy, çeper we okuw kitaplary, dürli neşir önümleri bilen yzygiderli üpjün edilmegi, kitap neşir etmek işiniň kämilleşdirilmegi, bu babatda ýurdumyzda her ýylda sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň geçirilmegi uly ähmiýete eýedir.
Okamak tutanýerlilik we sabyr talap edýär. Kitap okamagyň ummasyz köp peýdasy bar. Köp okan adam bilimli bolup, durmuşda hemişe gowy ýaşaýşa eýe bolýar. Kitap okalanda diňe sahypalarynda ýazylan setirlerdäki sözleri dile getirmän, manysyny, awtoryň berjek bolýan öwüt-nesihatyny düşünmäge synanyşmaly we mundan many çykaryp, özüňi gowy tarapa çekmegi başarmaly.
Häzirki döwürde ähli öýde kompýuter, telewizor, öýjükli telefon bar we adamlar wagtynyň köp bölegini şol zatlara sarp edýärler. Ine, şeýle döwürde kitap okamaga has köp wagt sarp etmegi başarmak zerurdyr. Dogry we peýdaly kitaby saýlap almak hem kitap okamak ýaly örän wajypdyr. Esasan hem, ylmy kitaplary okamaga ymtylmaly. Mundan başga-da, ýerli we daşary ýurt nusgawy edebiýaty okamak hem peýdalydyr. Nusgawy edebiýatlar hiç haçan könelmeýär, ýatdan çykarylmaýar we uzak ýyllaryň dowamynda adamlar tarapyndan uly höwes bilen okalýar.
Häzirki döwürde bilim-ylym ulgamy döwrebap ösdürilýär. Çagalar baglarynyň kitap tekjelerindäki ýaş aýratynlyklaryna görä saýlanyp goýlan dürli reňkli, özüneçekiji suratlar bilen bezelen kitaplardan başlap, orta mekdeplerdäki we ýokary okuw mekdeplerindäki kitaphanalar ýaşlaryň kitap okamaga bolan islegini kanagatlandyrýar. Elektron kitaphanalar hem giň mümkinçilikleri döredýär.
Häzirki zaman kitaplary adamzadyň ösüşinde uly orun eýeleýär. Ol ýagşy bilen ýamany saýgarmaga, gözýetimi giňeltmäge, dünýägaraýşy kämilleşdirmäge we gözellik duýgusyny ösdürmäge uly goşant goşýar.
Aýna Abaýewa,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.