Öý towugynyň ýumurtgasy, esasan, iki reňkde bolýar – ak we goňur. Köpler öýde idedilýän towugyň ak ýumurtgasyny, käbir adamlar bolsa goňur ýumurtgany elin diýip hasaplaýarlar. Eýsem, haýsy ýumurtga (ak we goňur) has peýdaly we tagamly? Daşky reňki ýumurtganyň hiline täsir edýärmi?
Ýumurtganyň reňki öý towugynyň görnüşine baglydyr. Mysal üçin, ak leggorn towuklary ak ýumurtga, gyzyl rod ada towuklary bolsa, goňur ýumurtga berýär. Öý towugynyň Günorta Amerikada duş gelýän araukana tohumy bolsa, gögümtil-ýaşyl ýumurtga taşlaýar. Ýumurtganyň gabynyň dürli reňkde bolmagy towugyň öndürýän pigmentine hem baglydyr. Goňur ýumurtganyň düzümindäki pigmente protoporfirin (PPIX), gögümtil ýumurtgadaky pigmente bolsa biliwerdin diýilýär.
Haýsysy has ýokumly?
Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, gabygynyň reňkiniň ýumurtganyň hiline we düzümine täsir etmeýändigi ýüze çykaryldy. Adatça, goňur ýumurtga ak ýumurtgadan has gymmat. Şeýle bolansoň, köp adam goňur ýumurtgany ak ýumurtga görä has ýokumlydyr öýdýär. Ak we goňur ýumurtga ululygyna we reňkine garamazdan, ýokumlylygy taýdan deň. Ýumurtganyň iki görnüşinde-de witaminler, minerallar we ýokary hilli belok bar. Towuga berilýän däne we gök otlar, şeýle hem saklanyş şerti ýumurtganyň tagamyna täsirini ýetirýär.