Bahar paslynyň gelmegi bilen peýda bolýan kebelekleri güýz aýlaryna çenli görmek bolýar. Howanyň sowamagy bilen bu owadan mör-möjekler ýitip gidýärler. Eýsem, kebelekler howanyň sowamagy bilen nirä gidýärler?
Käbir kebelekler edil guşlar we beýleki janly-jandarlar ýaly howanyň sowamagy bilen ýyly ýurtlara göçüp gidýärler. Kiçidigine garamazdan, bu jandarlar paslyň çalyşmagy bilen uzak aralyklara uçýarlar. Şeýle görnüşli kebelekler Kanadada, ABŞ-da, Täze Zelandiýada we Günbatar Ýewropada ýaşaýar. Ganatynyň üsti çyzykly we nagyşly bu kebelekler bir ýylyň dowamynda dört nesil çalyşýarlar we ömrüni diňe syýahat edip geçirýärler. Bu kebelekleriň esasy aýratynlyklarynyň biri hem, ýolundan azaşman barmaly ýerine baryp bilýänligidir. Muňa «danaidae» kebelekleri mysal bolup, her ýylyň güýzünde ABŞ-dan we Kanadadan Meksikanyň ortasyna tarap 4 müň kilometrlik syýahata çykýarlar. Gyşyň gelmegi bilen uka gidip, dört aýdan soňra, baharyň gelmegi bilen oýanyp yzyna dolanýarlar.
Kebelekler görnüşine görä, 1 gün, 3 aý, 6 aý ýaşaýarlar. Owadan ganatly kiçijik uçujylaryň has uzak ýaşaýan görnüşleri hem bar. Kebelekleriň uzak wagt ýaşaýan käbir görnüşi sowukdan goranmak üçin öz daşyna pile saraýar. Şeýle pile agajyň gabygynyň aşagynda, şahasyndan sallanan ýagdaýda ýa-da topragyň astynda bolup bilýär. Käbir kebelekler bolsa gyşda agajyň gabyklarynyň aşagynda, ýaşaýyş jaýlarynyň we dürli binalaryň üçeklerinde gyş ukusyna gidýärler.