Lýuksemburgda geçirilen hökümetara maslahatda Ýewropa Bileleşigi Albaniýa bilen ýurduň bileleşige goşulmagy baradaky ilkinji resmi gepleşiklere başlady. Bu barada Wengriýanyň daşary işler we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri Peter Siýarto Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama bilen bilelikde geçirilen metbugat ýygnagynda aýtdy.
Daşary işler ministri Albaniýanyň goşulmak baradaky gepleşikleriniň kriteriýalara doly laýyk gelýändigini we onuň Ýewropa Bileleşigine kabul edilmeginiň Bileleşigiň ähli agzalaryna peýdaly boljakdygyny aýtdy. Siýarto žurnalistler bilen duşuşygynda – Biz Günbatar Balkan döwletleriniň hemmesiniň Ýewropa Bileleşigine goşulmagyny tizleşdirmeli – diýip belledi. Ol Wengriýanyň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda Ýewropa Geňeşine başlyklyk edýän döwründe munuň iň esasy meseleleriň biri boljakdygyny tassyklady.
Şol bir wagtyň özünde ministr “munuň uzaga çekýän çylşyrymly proses boljakdygyny” duýdurdy. Albaniýanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmagy üçin belli bir wagt kesgitlenmedi. Ýurt 2014-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşigine goşulmak üçin resmi dalaşgär derejesini aldy. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi, 2020-nji ýylyň mart aýynda Albaniýanyň bileleşige goşulmagy baradaky gepleşikleriniň başlamagyny makullady. 2022-nji ýylyň iýulynda Albaniýa bilen şeýle gepleşiklere başlady.
Ýewropa Geňeşiniň web sahypasynda habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Hemişelik wekiller komiteti Albaniýa üçin ilkinji gepleşik tapgryny açýan Ýewropa Bileleşiginiň umumy pozisiýasyny kabul etdi. Bu bolsa, Lýuksemburgda Albaniýa bilen hökümetara maslahatyny geçirmäge mümkinçilik berdi. Albaniýa täzeden seredilen usulyýete laýyklykda, dalaşgär ýurtlaryň arasynda Ýewropa Bileleşigine agza bolmak baradaky gepleşiklere ilkinji bolup başlady.