Howanyň üýtgemegine garşy göreşde milli ylalaşyk, bütewi syýasat we özara düşünişmek möhümdir. Bu barada Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiiýn Hurelsuh, BMG-niň biologik dürlülik, howanyň üýtgemegi we çölleşmä garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň konferensiýasyna bagyşlanan ýokary derejeli diskusiýanyň açylyşynda aýtdy.
-Howanyň üýtgemeginiň, ýerleriň zaýalanmagynyň we biodürlüligiň ýitmeginiň öňüni almak – daşky gurşawy goramagyň üç sütünidir. Geljekde hakyky netijelere ýetmek üçin hökümet, hususy pudak we raýat jemgyýeti ýaly ähli jemgyýetçilik toparlaryny öz içine alýan milli ylalaşygy, bütewi syýasaty we özara düşünişmegi güýçlendirmek zerur – diýip Hurelsuh aýtdy.
Prezident, esasan hem, parlamentiň 2025-nji ýyl üçin býujet, pul syýasaty we ösüş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşýan döwründe Mongoliýanyň täzelenen borçnamalaryny gyssagly ösdürmelidigini, hökümetiň bolsa, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegine garşy alyp barýan syýasatlaryna we işlerine baha bermäge we meýilleşdirmäge aýratyn üns bermelidigini ýatlatdy.
Halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek we durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, şol sanda howanyň üýtgemegine, ýerleriň zaýalanmagyna we biodürlüligiň ýitmegine garşy göreş üçin tutuş ýurt boýunça “Milliard agaç”, “Azyk üpjünçiligi we howpsuzlyk” we “Sagdyn mongol” ýaly umumy milli hereketler amala aşyrylýar. Şeýle-de, Hurelsuh dünýäniň ýurtlaryna, halkara guramalaryna we hyzmatdaşlaryna ýüzlenip, “milliard agaç” milli hereketine goldaw bermäge we ony has-da işjeňleşdirmäge çagyryş etdi.
2025-nji ýylyň başynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi, çölleşmäge garşy göreş, biodürlülik baradaky BMG-niň konwensiýasynyň we Mongoliýanyň gatnaşygy baradaky hasabat konferensiýasynyň (PostCOP) ýokary derejedäki duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Ýokary derejeli maslahata Halkara guramalaryň Ulan-Batordaky diplomatik wekilhanalarynyň wekillerini, hökümet we hökümete degişli däl guramalary, hususy pudaklary, raýat jemgyýeti guramalaryny we ýaşlaryň wekillerini öz içine alýan 180-den gowrak adam gatnaşdy.