Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da öňderbaryjy toparlar 8-nji tapgyry iň kiçi hasaply ýeňiş bilen tamamlady (1-0). Sanawyň lideri “Napoli” myhmançylykda “Empolini” Kwarasheliýanyň 63-nji minutda penaltiden geçiren goly bilen ýeňdi. “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Lasiony” Hilanyň 85-nji minutda öz derwezesinden geçiren goly esasynda utdy. Duşuşygyň 24-nji minutynda “Lasionyň” goragçysy Alessio Romanýoli gyzyl kart aldy.

Soňky çempion “Inter” myhmançylykda “Romany” ýene bir ýola ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 60-njy minutda Lautara Martines öz adyna ýazdyrdy. “Roma” toparyna çempionatyň çäginde öz meýdançasynda “Interi” 2016-njy ýyldan bäri ýeňmek başardanok.

“Milan” bolsa öz meýdançasynda “Udinezeni” Çukwuezeniň 13-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňdi. Duşuşygyň 29-njy minutynda 1 oýunçy kem galan “Milan” 2-nji ýarymda goragda köp kynçylyk çekdi. Oýnuň ahyrlarynda myhmanlaryň geçiren goly VAR-yň inçe seljermesi netijesinde ofsaýd diýlip hasaba alyndy.

“Atalanta” myhmançylykda Paşaliç we Reteginiň gollary bilen “Wenesiýany” 2-0 hasabynda utdy. “Fiorentina” bolsa myhmançylykda “Leççeniň” derwezesinde jogapsyz 6 gol geçirdi. Duşuşykda Kataldi bilen Kolpaniniň hersi 2 gol saldy.

8-nji tapgyryň netijeleri:

Komo – Parma: 1-1 (Paz 45 – Bonni 20),

Jenoa – Bolonýa: 2-2 (Pinamonti 73, 85 – Orsolini 37, Odgor 56),

Milan – Udineze: 1-0 (Çukwueze 13),

Ýuwentus – Lasio: 1-0 (Hila 85 ö.d.),

Empoli – Napoli: 0-1 (Kwarasheliýa 63 p),

Leççe – Fiorentina: 0-6 (Kataldi 20, 45, Kolpani 34, 54, Beltran 61, Parizi 72),

Wenesiýa – Atalanta: 0-2 (Paşaliç 7, Retegi 47),

Kaliari – Torino: 3-2 (Wiola 38, Palomino 74, Koko 78 ö.d. – Sanabriýa 41, Linetti 55),

Roma – Inter: 0-1 (Lautara Martines 60),

Werona – Monza (şu gije)