Du­baý­da “Mu­ra­ba Veil” at­ly ju­da in­siz gök­di­rä­niň gur­lu­şy­gy yg­lan edil­di. Bu di­ňiň ini ba­ry-ýo­gy 22,5 metr bo­lar. “Mu­ra­ba” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu tas­la­ma bü­tin dün­ýä­niň ma­ýa­dar­la­ry­ny, şeý­le-de sy­ýa­hat­çy­la­ry özü­ne çe­ker.
Bu öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik des­ga­sy­nyň tas­la­ma­sy bi­len Is­pa­ni­ýa­nyň meş­hur “RCR Arquitectes” kom­pa­ni­ýa­sy meş­gul­lan­ýar. Be­ýik­li­gi 380 met­re deň bo­lan gök­di­rän 73 gat­dan yba­rat bo­lar. Umu­man ala­nyň­da, bi­na­da 131 kwar­ti­ra, şeý­le hem sa­gal­dyş spa mer­ke­zi, res­to­ran, ga­le­re­ýa, pa­del ten­nis oýun­la­ry üçin ni­ýet­le­nen kort we hu­su­sy ki­no­teatr bo­lar.
Kwar­ti­ra­la­ryň ba­ha­sy 18 mil­li­on dir­hem­den (4,9 mil­li­on dol­lar) baş­lar. Bi­na Du­ba­ýyň da­şyn­da­ky çä­ge alaň­la­ryn­dan se­leň­läp gör­ner we emir­lik­dä­ki köp bi­na­la­ryň ara­syn­da zü­niň ka­şaň­ly­gy aý­ra­tyn ta­pa­wut­la­nar. Her bir re­zi­den­si­ýa ga­tyň tu­tuş ini­ni eýe­lär. Bu gök­di­rä­niň Du­ba­ýyň Şeýh Za­ýed ýo­lu­nyň ug­run­da gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.