Tapgyryň netijesi geň galdyran başga bir duşuşygynda Fransiýanyň “Lill” topary myhmançylykda “Atletiko Madridi” 3-1 hasabynda ýeňdi. Alwaresiň 8-nji minutdaky goly bilen öňe saýlanan madridliler 2-nji ýarymda Žegrowanyň (61) hem-de Dewidiň (74 p, 89) gollaryna çäre tapyp bilmedi. “Lill” topary “Realdan” soň Madridiň beýleki topary “Atletikony” hem ýeňmegi başardy.

Garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlişsiz öňdäki orunlarda barýan Fransiýanyň “Brest” topary öz meýdançasynda “Baýer” bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnap, utuklary paýlaşdy.

“Atalanta” bilen “Seltigiň” arasyndaky oýunda hasap açylman, ol tapgyryň golsuz geçen ýeke-täk duşuşygy boldy. Zagrebiň “Dinamosy” myhmançylykda “RB Salsburgy” 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.