Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan 1-nji noýabrda “Türkmen manady — ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň nyşany” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler.
Maslahatyň gün tertibine milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi netijesinde ýurdumyzyň gazanan ykdysady üstünlikleri, milli pul-karz syýasatynyň durmuşa geçirilişi, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly döwrebap bank hyzmatlaryny hödürlemek, elektron tölegler ulgamyny kämilleşdirmek, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek bilen baglanyşykly meseleler giriziler. Foruma ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş we bank edaralarynyň, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşarlar.
Bu barada 25-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hasabat berdi.