Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (OECD) we “Eurostat”-yň maglumatlaryna görä, Günorta we Gündogar Ýewropa ýurtlarynda ýaşlar ene-atalary bilen has uzak ýaşamaga ýykgyn edýärler. Maglumatlara görä, Ýewropa Bileleşiginiň ýaşlary, ortaça, 26 ýaşynda ene-atalarynyň öýünden göçýärler. Şeýle-de bolsa, ýurtlara görä, bu ýagdaý düýpli tapawutlanýar. Finlýandiýada, Şwesiýada we Daniýada, adatça, 21 ýaşyndan başlap ene-atasyndan özbaşdak ýaşaýarlar. Horwatiýada, Slowakiýada, Gresiýada, Ispaniýada, Bolgariýada we Italiýada 30 ýaşyna çenli ene-atalary bilen bile ýaşaýarlar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň maglumatlaryna görä, Günorta Ýewropada henizem ene-atalary bilen ýaşaýan ýaşlaryň sany has ýokary. Italiýada bu ýagdaý iň ýokary derejede – 20 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky italýanlaryň 80 göterimi ene-atalarynyň öýünde bolýarlar. Bu ýagdaý Gresiýada – 78 göterime, Ispaniýada – 77 göterime we Portugaliýada – 76 göterime deň.
Skandinawiýa ýurtlarynda – Norwegiýada, Finlýandiýada, Şwesiýada we Daniýada bu görkezijiler has pes bolup, 20 göterimden hem azdyr. Deňeşdirmek üçin Beýik Britaniýa – 43 göterime, ABŞ – 39 göterime deň. “Eurostat” -yň maglumatlaryna görä, Italiýada “Ni-ni nesil” (NEETS) diýlip atlandyrylýan iň ýokary görkezijileriň biri, ýagny, 15 ýaşdan 29 ýaş aralygyndaky işlemeýän ýa-da okamaýan ýaşlar bar.
Esasy Dünýä täzelikleri Ýewropanyň haýsy ýurtlarynda ýaşlar ene-atalary bilen has uzak ýaşaýarlar?