Oskarly aktrisa Enn Heteweý 3-nji gezek Miýa Termpolis atly gahrymanyň keşbini janlandyrmaga taýýarlyk görýär. Ýagny 20 ýyldan soň “Şa gyzynyň gündeligi” (The Princess Diaries) filmleriniň 3-njisi ekranlaşdyrylar. “Raýa we soňky aždarha” animasiýasynyň ssenariçisi hem-de “Joy Ride” filmini surata düşüren Adel Limiň režissýorlyk etjek kinosyna ozalky filmlerdäki ýaly Debra Martin Çeýz prodýuserlik eder. Filmiň ssenarisini Flora Grison ýazar. 3-nji kinonyň temasy barada resmi beýanat bolman, ozalky kinolaryň dowamy bolmagyna garaşylýar. Juli Andrýuwsyň 3-nji filmde surata düşüp-düşmejekdigi häzirlikçe belli däl. Önümçiligine başlanan filmiň haçan ekranlara çykjakdygy öňümizdäki günlerde kesgitlener. Filmiň ilkinjisi 2001-nji ýylda ekranlara çykyp, ol aktrisa Enn Heteweýe uly şöhrat getiripdi. 2-nji film bolsa 2004-nji ýylda görkezilipdi.