Hytaýda suwuň ýüzünde gurlan ilkinji Gün elektrik bekediniň işe girizilmegine taýýarlyk görülýär. “New Atlas”-yň ýazmagyna görä, “Yellow Sea No.1” atly fotoelektrik platformasy Şandun ýarymadasynyň günortasyndaky Sary deňizde gurlar. Beket beýikligi 10 metre çenli boljak tolkunlara çydaly bolar. Meýdany 1624 inedördül metr bolan platformada 434 panel oturdylyp, häzir bu bekediň enjamlaryny gurnamak, düzmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Geçirilýän synag wagtynda inženerler platformanyň ýele, şeýle hem tolkunlara garşy çydamlylygyna baha bererler. Mundan başga-da olar gurluşyň berkligini we elektrik öndürmegiň netijeliligini barlarlar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.