24-nji okt­ýabr­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 25-nji ple­nar mej­li­si ge­çi­ril­di. Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hö­dür­le­nen «Mer­ke­zi Azi­ýa – pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­na ga­ral­dy.
Ka­rar­na­ma­ny hö­dür­län Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň ýa­nyn­da­ky He­mi­şe­lik we­ki­li A.Ata­ýe­wa Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da öňe sür­len tas­la­ma­ny gol­dan­dyk­la­ry üçin BMG-niň ag­za döw­let­le­ri­ne min­net­dar­ly­gy­ny bil­dir­di we 2022-nji ýyl­da Baş As­samb­le­ýa­nyň aý­ra­tyn Ka­rar­na­ma­sy bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň ter­ri­to­ri­ýa­sy­nyň pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak we hyz­mat­daş­lyk zo­la­gy hök­mün­de yk­rar edil­me­gi­niň hem-de ber­ki­dil­me­gi­niň äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­lyk zo­la­gy­nyň eme­le gel­me­gi­niň se­bi­tiň ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ins­ti­tu­sio­nal we hu­kuk bin­ýa­dy­nyň ne­ti­je­sin­de müm­kin bo­lan­dy­gy aý­ra­tyn bel­le­nil­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da se­bi­tiň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň yzy­gi­der­li kon­sul­ta­tiw du­şu­şyk­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi ýa­ly hyz­mat­daş­ly­gyň äh­li mö­hüm ugur­la­ryn­da se­bit­le­ýin dia­lo­gy iler­let­mek üçin plat­for­ma dö­ret­me­giň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Mö­hüm äh­mi­ýet­li ta­ry­hy wa­ka­la­ryň ha­ta­ryn­da 2006-njy ýyl­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ýad­ro ýa­ra­gyn­dan azat se­bi­ti dö­ret­mek ba­ra­da Şert­na­ma­sy­na gol çe­kil­me­gi, şeý­le hem 2007-nji ýy­lyň de­kabr aýyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Bir­le­şen Mil­let­ler gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi gör­ke­zil­di.
Ka­rar­na­ma­da ýaý­rat­maz­ly­gyň we ýa­rag­syz­lan­ma­gyň äh­lu­mu­my ar­hi­tek­tu­ra­sy­ny ber­kit­mek­de, öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň we pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­li­giň gu­ral­la­ry­ny iler­let­mek­de Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­ýar.
Re­zol­ýu­si­ýa­nyň 37 döw­le­tiň aw­tor­daş­ly­gy esa­syn­da bi­ra­gyz­dan ka­bul edi­len­di­gi­ni bel­le­mek ze­rur­dyr.