Dokma senagaty ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolup, döwlet tarapyndan berilýän goldaw bilen iň depginli ösýän pudaklaryň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda täze dokma kärhanalarynyň gurulmagyna we bar bolan kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine köp möçberde maýa goýumlar gönükdirildi. Häzirki wagtda dokma önümçiligine degişli köp sanly kärhana, şol sanda iri dokma toplumlary, pagta egriji we dokmaçylyk önümçilikleri, tikinçilik fabrikleri, aýakgap fabrikleri, derini we ýüňi gaýtadan işleýän zawodlar hereket edýär.
Ýurdumyzda üstünlikli alnyp barylýan ykdysady özgertmeleriniň netijesinde dokma senagatynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi göz öňünde tutulýar. Pudagyň öňünde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, iň soňky tehnologiýa enjamlary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap dokma toplumlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle toplumlaryň birini Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda gurmak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda bu pudagyň ösdürilmegi netijesinde Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda täze dokma toplumlary açyldy. Şunuň ýaly täze kärhanalarda halkara hil, dolandyryş we marketing standartlarynyň iň döwrebap talaplaryna laýyk gelýän önümler öndürilýär. Öndürilýän önümleriň daşky gurşawyň howpsuzlygyna degişli talaplara laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Muňa ýurdumyzyň senagatynyň däp boýunça tebigy ýerli çig mallara esaslanýan ugry ýardam edýär. Eziz Diýarymyzyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň önümleri halkara derejesinde ykrar edildi we ISO 9001, 9002, ISO 14001 sertifikatlary, şeýle hem WRAP we OHSAS 18001 standartlaryny aldy.
Täze toplumlaryň yzygiderli gurlup, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň dokma senagatynyň eksport mümkinçiligini artdyrar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dokma önümleriniň agramly bölegi GDA ýurtlaryna, Ýewropa, Aziýa we dünýäniň beýleki ýerlerine iberilýär. Ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň wekilleri daşary ýurtlarda (Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Täjigistan, Koreýa, Türkiýe, Germaniýa) geçirilýän sergilere işjeň gatnaşýarlar. Mundan başga-da, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin tanyşdyryş saparlary we sergi çäreleri guralýar.
Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň önümleri owadan we gowy eşiklere bolan islegleri kanagatlandyryp bilýär. Tikinçiler uly ýaşly adamlar hem-de çagalar üçin ýyly eşikleriň dürli görnüşlerini işläp taýýarladylar we öndürdiler. «Ahal» tikinçilik birleşiginde, Gypjak we Kaka dokma toplumlarynda flanel, sinteponda garyşyk matalardan ýyly geýimleri öndürmek ýola goýuldy. S.Türkmenbaşy adyndaky dokma fabriginde flanel matadan erkekler, zenanlar we çagalar üçin eşikleriň dürli görnüşleri tikilýär. Türkmenabadyň tikin fabriginde drap matadan gyzjagazlar üçin çagalar paltosy we beýleki eşikler tikilip başlandy. Daşoguz welaýatynyň «Çeper» tikinçilik fabriginde çagalar üçin ýyly eşikler toplumy, erkekler üçin ýeňsizler taýýarlanylýar. Kaka etrabynda açylan täze dokma toplumynda sinteponda kurtkalardyr ýeňsizler, S.A.Nyýazow adyndaky nah mata kombinatynda erkekler, zenanlar we çagalar üçin ýyly joraplar öndürilýär. Döwrebap ýyly önüm – şerstipon önümçiligi ýola goýuldy, ondan ýyly ýorgançalar tikilýär. Bu önümleri ýurdumyzyň ilaty we myhmanlary paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky söwda nokatlaryndan elýeterli bahalardan alyp bilerler.
Aýjahan MÄLIKGULYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.