Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyna laýyklykda, bilim ulgamynyň ösdürilmegi babatda beýik başlangyçlar öňe sürülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa ornaşdyrylýan bilim özgertmeleri strategik maksatlary amala aşyrmagyň we ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmagyň esasy özenini düzýär. Çünki her bir ýurduň islendik ugurdaky ösüşi ýaşlara berilýän bilim-ylym bilen berk baglanyşyklydyr. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da ösdürmäge, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär.
Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagyna, ata Watanymyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagyna, dünýäniň ylym-bilim ulgamynyň gazananlaryndan habarly, kämil hünärmenler bolup ýetişmegine mümkinçilik berýär.
Bilim özgertmeleriniň esasy ugry ylmyň iň täze gazananlaryny, sanly tehnologiýanyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmak, has takygy, sanly bilimi has-da ösdürmek bilen baglanyşyklydyr. Şunda okatmagyň döwrebap usullary, multimediýa tehnologiýalar bilen bilim öwretmek ýaly ugurlar örän ähmiýetlidir. Ýurdumyzda ylmyň soňky gazananlary okuw işine ornaşdyrylyp, häzirki döwrüň talaplaryny üstünlikli berjaý etmäge ukyply bolan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Kämil ýaşlary taýýarlamakda orta mekdeplerde berilýän bilim milli terbiýe bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlaryň bilim öwrenmek ukyby, ylma bolan höwesi ir döwürden kemala getirilmelidir. Şunda orta mekdebiň mugallymlaryna uly wezipe degişli bolup durýar. Sapaklarda okuwçynyň ünsüni çekmek, geçilýän temanyň mazmunyny düşündirmek, sapagy guramaçylykly geçmek kämilligiň binýadydyr. Bularyň ählisi okuwçynyň aňynda bilim öwrenmek we kämilleşmek düşünjesini kemala getirýär.
Häzirki wagtda okatmagyň iň döwrebap usullary has-da ösdürilýär. Bularyň ählisi mugallymyň irginsiz zähmet çekmäge bolan höwesinden ybaratdyr. Ine, şu babatda ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlarymyz özleriniň alan bilimlerini iş ýüzünde durmuşa geçirýärler. Olar orta mekdeplerde hem-de çagalar baglarynda iş tejribeliklerini geçýärler.
Şol nukdaýnazardan mugallym her bir okuwçy üçin nusgalyk bolmalydyr. Mugallym okuwçynyň ukyp-başarnyklarynyň kemala gelmegi ugrunda yhlas edýän bolsa, onda zehinli ýaş nesiller hem mugallymynyň ynamyny ödemek üçin yhlasly okar, öwrener. Zehinli ýaşlary ders bäsleşiklerine taýýarlaýan mugallym okuwçynyň bilim derejesini çuňlaşdyrmaga gönükdirilen täzeçil usullary ulanýandygy, okuwçyda jogapkärçilik duýgusyny, maglumatlara baha bermek başarnyklaryny kemala getirmegi başarýandygy bilen tapawutlanýar. Şeýle usullaryň netijesinde ýaş nesilleriň bilim öwrenmek ukyby has-da ösýär we kämil ýaşlar bolup kemala gelýärler.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlara bilim öwretmäge, ylym-bilimi ösdürmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanmak we kämil, giň dünýägaraýyşly ýaşlary kemala getirmek bilim işgärleriniň mukaddes borjudyr.
Amantäç AGALIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili kafedrasynyň uly mugallymy.