Eme­li aň adal­ga­sy ada­ma mah­sus he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üp­jün ed­ýän adam beý­ni­si­niň we­zi­pe­sin­dä­ki teh­no­lo­gi­ýa­ny aň­lat­mak üçin gi­ri­zi­len dü­şün­je­dir. Ol ge­çen asy­ryň 50-nji ýyl­la­ryn­da dö­räp, alym­la­ryň üns mer­ke­zin­dä­ki me­se­le­le­riň bi­ri ha­sap­lan­ýar. As­lyn­da, bu ul­gam bi­len ada­ma mah­sus iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­ýän al­go­ritm­le­ri ýa-da ma­şyn­la­ry dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len gy­zyk­la­nyp­dyr­lar. Ýö­ne wag­tyň geç­me­gi bi­len eme­li aňy özün­de jem­le­ýän teh­no­lo­gi­ýa­lar kä­mil­le­şip, di­ňe bir ada­myň ba­şar­ýan iş­le­ri­ni däl, eý­sem, Ýe­riň aşa­ky gat­lak­la­ryn­dan mi­ne­ral mad­da­la­ry ga­zyp al­mak ýa­ly ada­myň ba­şar­ma­ýan iş­le­ri­ni hem ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň höt­de­sin­den ge­lip­dir. Eme­li aňy özün­de jem­le­ýän teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň öňün­de hiç wagt hem ada­myň ýe­ri­ni tut­mak, onuň tä­sir ediş ul­ga­my­na eýe bol­mak ýa-da oňa zy­ýan ýe­tir­mek mak­sa­dy go­ýul­man­dyr. Eme­li aňyň öňün­de ada­myň ýet­mez­çi­lik­le­ri­ni dü­zet­mek, oňa yl­my açyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge, te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mä­ge kö­mek et­mek ýa­ly mak­sat­lar we­zi­pe edi­lip goý­lup­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da eme­li aňyň ösü­şi örän ýo­ka­ry be­lent­lik­le­re ýet­di we adam­za­dyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da­ky ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­niň äh­li­si­ni di­ýen ýa­ly ama­la aşyr­mak müm­kin­çi­li­gi­ne eýe bol­dy. Eme­li aňyň ada­myň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän iş­le­ri­niň ýe­ri­ni tut­ma­gy adam­la­ry yn­ja­lyk­syz­lan­dyr­ma­ly däl­dir. Çün­ki, ada­myň eme­li aňa dö­red­ýän müm­kin­çi­lik­le­ri ýa­ly, dur­muş hem ada­myň öňün­de tä­ze-tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. Dur­muş ha­dy­sa­la­ry­na has gi­ňiş­le­ýin se­re­de­ni­miz­de el te­le­fon­la­ryň giň ula­ny­ly­şa eýe bol­ma­gy bi­len öý te­le­fon­la­ryň ula­ny­lyş äh­mi­ýe­ti­niň pe­se­li­şi ýa­ly, haý­sy­dyr bir ul­ga­myň kö­ne­liş­me­gi bi­len tä­ze bir ul­gam­da ösüş özü­ni äş­gär ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da bi­ziň ulan­ýan on­laýn usul­da pe­tek­le­ri sa­tyn al­mak­dan baş­lap, kir we gap-ça­nak ýu­wu­jy en­jam­la­ry­my­za çen­li äh­li­si ol ýa-da beý­le­ki de­re­je­de eme­li aňyň ele­ment­le­ri­ni özün­de jem­le­ýär. Bu zat­lar gel­jek­de hem ula­ny­lar. Eme­li aňyň bu ösü­şi­ni sak­la­mak müm­kin däl. Çün­ki yl­myň ös­me­gi bi­len eme­li aňyň ele­ment­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän en­jam­la­ryň sa­ny muk­dar taý­dan art­ýar, hil taý­dan bol­sa kä­mil­leş­ýär.
XXI asyr dün­ýä yl­my­nyň we teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny türk­men hal­ky­nyň eş­ret­li dur­mu­şy üçin peý­da­lan­ma­gyň, döw­le­ti yk­dy­sa­dy we ru­hy-me­de­ni taý­dan ös­dür­me­giň, mil­li ylym-bi­lim ul­ga­my­ny dün­ýä yl­my­nyň ýe­ten iň soň­ky sep­git­le­ri­ne ýe­tir­me­giň, oňa my­na­syp go­şant goş­ma­gyň za­ma­na­sy­dyr. Bu za­ma­na hal­kyň röw­şen gel­je­gi­niň sag­dyn esas­la­ry­nyň ylym-bi­li­me da­ýa­nyp gu­rul­ýan za­ma­na­sy­dyr.
Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Arkadagymyz, hor­mat­ly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan ylym-bi­lim bi­len meş­gul­lan­ma­ga şeý­le aja­ýyp müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­ýän Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eýýamynyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­tyn­da hem hä­zir­ki za­man yl­my­nyň iň kä­mil ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan eme­li aň öz hü­när aý­ra­tyn­ly­gy­my­za gö­rä tas­syk­la­nan «Ýol kar­ta­sy» esa­syn­da düýp­li we ne­ti­je­li öw­re­nil­ýär. Ins­ti­tu­ty­my­zyň pro­fes­sor-mu­gal­lym­la­ry­nyň hem-de ta­lyp ýaş­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da eme­li aň bi­len bag­la­ny­şyk­ly çy­kyş­lar taý­ýar­la­nyl­ýar, bäs­le­şik­ler gu­ral­ýar, yl­my-dö­re­di­ji­lik okuw­lar ge­çi­ril­ýär, ma­ka­la­lar, he­ka­ýa­lar ne­şir edil­ýär.
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan ylym-bi­lim bi­len meş­gul­lan­ma­ga dö­re­dil­ýän bu giň müm­kin­çi­lik­ler di­ňe bir hal­ky­my­zyň şu gün­ki eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, nes­li­mi­ziň uzak möh­let­li aja­ýyp gel­je­gi­niň bin­ýa­dy­ny hem pug­ta­lan­dyr­ýar.

Güýç­my­rat Sol­tan­my­ra­dow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.