22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürilmek maksady bilen, Ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly geçirildi. Festiwala iki dostlukly ýurduň wekilleri, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojataba Ruzbehani we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden ilçi iki ýurduň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar barada belläp, syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekdi. Festiwalda iki ýurduň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän döredijilik toparlaryň çykyşlary ýerine ýetirildi.
Gatnaşyjylar bu ýerde gyzykly ugurlar we maksatnamalar, şeýle hem medeni çäreler we ajaýyp tebigy ýerler baradaky maglumat materiallary beýan edilýän syýahatçylyk kompaniýalaryň diwarlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şol gün iki dostlukly ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda “Syýahatçylygy ösdürmegiň ýollaryny öwrenmek” atly konferensiýa hem geçirildi.
Maksatnamanyň çäklerinde 23-nji oktýabrda “Watan” kinokonsert merkezinde Eýranyň “Sýamaa” döredijilik toparynyň çykyşlary guraldy.