Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen manadynyň döwletimiziň, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşiniň özboluşly nyşany hökmünde milli buýsanjymyza öwrülendigini aýratyn bellemek gerek. Häzirki wagtda türkmen manady milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini alamatlandyrýan özboluşly nyşan hökmünde göz öňümizde janlanýar. Hakykatdan-da, Türkmenistanyň milli pulunyň – milli manadymyzyň 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizilmeginden soňra, ata Watanymyz ykdysadyýeti ösdürmegiň dünýä jemgyýetçiligi üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady. Munuň özi milli pulumyzyň diňe bir ykdysady üstünlikleriň däl, eýsem, kuwwatly özygtyýarly ösüşimiziň, Garaşsyzlygymyzyň nyşanyna öwrülendigini görkezýär.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda milli manadymyzyň dolanyşyga goýberilmegi ýurdumyzda ýagty ertirleri nazarlaýan giň möçberli ykdysady özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen özbaşdak pul-karz syýasatyny alyp barmaga ýardam berdi. Bu babatda Esasy Kanunymyzda hem aýratyn bellenilip geçilýär we onuň kanuny binýady berkidilýär. Has takygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 138-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň bank ulgamy ýurdumyzda ýeke-täk pul-karz syýasatyny alyp barýan Merkezi banky we beýleki bank edaralaryny öz içine alýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Merkezi banky nagt pul dolanyşygyny guramagy we hasaplaşyk töleg ulgamynyň netijeli işlemegini hem-de beýleki wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýän edaradyr. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 – 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamada ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň çäklerinde bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Bank ulgamynda kadalaşdyryjy hukuk namalar bolan «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda», «Karz birleşmeleri hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň güýje girmegi ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmekde kuwwatly gural bolup çykyş edýär.
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maliýe syýasatynyň netijesinde, milli manadyň durnuklylygyny saklamak, kadaly hereketini ýola goýmak, goraglylygyny üpjün edip, satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýeňillikli salgyt syýasatynyň ýöredilmegi we ilata pes göterimli karzlaryň berilmegi eýeçiligiň dürli görnüşlerinde täze düzümleri, iş orunlaryny döretmäge, kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, importuň ornuny tutmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmaga, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmaga, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary barha ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine, milli töleg ulgamynyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň çäginde raýatlarymyz «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Milli VISA», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «Master Card» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly dürli görnüşli nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerinden peýdalanýarlar. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen, sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «QR-kod» ýaly onlaýn bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek işlerine yzygiderli maýa goýum serişdeleri goýulýar. Şeýle görnüşli sanly bank hyzmatlary müşderileriň bank amallaryna we hyzmatlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmaga, pul geçirimlerini ýeňilleşdirmäge, netijede ilatyň gymmatly wagtyny we serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Şemşat KLIÇOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.