Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de ata Wa­ta­ny­myz dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­nyň dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny baş­dan ge­çir­ýär. Ýur­du­myz­da beý­le­ki ugur­lar bi­len bir ha­tar­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ýo­ka­ry dep­gin­le­re çy­kar­mak üçin gu­ra­ma­çy­lyk-yk­dy­sa­dy hem-de ins­ti­tu­sio­nal taý­dan giň müm­kin­çi­lik­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Il­ki bi­len «Dur­nuk­ly ösüş» di­ýen dü­şün­jä­niň ma­ny­sy­na se­re­dip ge­çe­liň. Bu sö­züň gys­ga­ça ma­ny­sy: «Dur­nuk­ly­lyk» daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ber­mez­den, gel­je­ge de­giş­li se­riş­de­le­ri ýa-da çeş­me­le­ri ulan­maz­dan, şu gün­ki se­riş­de­le­riň hem-de çeş­me­le­riň ha­sa­by­na sarp et­me­gi, dur­mu­şy­my­zy do­wam et­dir­me­gi­mi­zi aň­lad­ýar. «Ösüş» – sö­zi bol­sa, gys­ga­ça aý­dy­lan­da, dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan yzy­gi­der­li öňe­gi­diş­li­gi, oňyn üýt­geş­me­le­ri aň­lad­ýan dü­şün­je­dir. Diý­mek, gys­ga­ça «Dur­nuk­ly ösüş – bu daş­ky gur­şa­wa zy­ýan­syz şu gün­ki se­riş­de­le­riň ha­sa­by­na şu gü­nüň hem-de gel­je­gi­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni yzy­gi­der­li ös­dür­mek­dir» diý­sek ha­ky­kat­dan daş düş­dü­gi­miz bol­maz.
Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry, gel­jek­ki ne­sil­ler üçin dur­mu­şy yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak üçin şu gün­den dog­ry he­re­ket­le­ri saý­la­mak­dyr. Bü­tin ýurt­lar­da öz ile­ri tut­ýan ugur­la­ry­na we dün­ýä­niň ýüz­be-ýüz bol­ýan daş­ky gur­şaw me­se­le­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da ka­bul et­mek üçin anyk gör­kez­me­le­ri we mak­sat­la­ry üp­jün ed­ýär.
«Glo­bal mak­sat­lar» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan «Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry» Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy (BMG) ta­ra­pyn­dan ga­ryp­ly­gy ara­dan aýyr­mak, pla­ne­ta­ny go­ra­mak we 2030-njy ýy­la çen­li äh­li adam­la­ryň pa­ra­hat we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin he­re­ket et­mä­ge äh­lu­mu­my ça­gy­ryş hök­mün­de 2015-nji ýyl­da BMG-niň Baş as­samb­le­ýa­sy­nyň 70-nji ýu­bi­leý mej­li­sin­de ka­bul edil­di. 2015-nji ýyl­dan soň­ky dö­wür üçin dur­nuk­ly ösü­şiň me­se­le­le­ri­ni özün­de jem­le­ýän «Dur­nuk­ly ösüş» stra­te­gi­ýa­sy je­mi 17 sa­ny glo­bal mak­sat­dan, 169 sa­ny we­zi­pe­den we 230 sa­ny gör­ke­zi­ji­den yba­rat­dyr. Bu ýe­til­mek is­le­nil­ýän glo­bal mak­sat­la­ryň esa­sy öze­ni dün­ýä­de eko­lo­gi­ýa taý­dan asu­da dur­mu­şy dö­re­dip, aç­ly­ga we ga­ryp­ly­ga gar­şy gö­re­şip, adam­la­ryň pa­ra­hat­çy­lyk­da, aba­dan­çy­lyk­da bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek üçin äh­lu­mu­my ça­gy­ryş­dyr.
Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry ga­ryp­ly­gyň düýp se­bäp­le­ri­ni ara­dan aý­ryp, adam­lar we pla­ne­ta­myz üçin oňyn öz­ge­riş­lik­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len bi­zi bir­leş­di­rer. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry, ga­ryp­lyk, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we dü­şü­nüş­mez­lik ýa­ly dün­ýä­mi­ziň ýüz­be-ýüz bol­ýan kä­bir mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mek üçin umu­my me­ýil­na­ma we gün ter­ti­bi bi­len üp­jün eder.
Bu mak­sat­lar 1000 ýyl­lyk ösü­şi na­zar­la­mak bi­len, bu mak­sat­la­ra ýet­mek­de bir-bi­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Her bir döw­let ýet­mek is­le­ýän mak­sat­la­ry bo­ýun­ça ýü­ze çyk­ýan me­se­le­le­ri öza­ra yla­la­şyk esa­syn­da de­ňe­çer çe­me­le­şip, bi­le­lik­de çöz­me­gi üs­tün­li­ge ýet­me­giň aça­ry bo­lup hyz­mat eder. Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry, gel­jek­ki ne­sil­ler üçin dur­mu­şy yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak üçin şu gün­den dog­ry he­re­ket­le­ri saý­la­mak bi­len, hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­mak­dyr.
Umu­man aý­dy­lan­da, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry ga­ryp­ly­gy ara­dan aýyr­mak­dan, aç­ly­gy ýok et­mek­den, sag­dyn dur­mu­şy we aba­dan­çy­ly­gy ýo­la goý­mak­dan, ýo­ka­ry hil­li bi­li­mi üp­jün et­mek­den, gen­der deň­li­gi­ni ga­zan­mak­dan, aras­sa agyz su­wy bi­len we aras­sa­çy­ly­gy üp­jün et­mek­den, el­ýe­ter­li we aras­sa ener­gi­ýa­ny ulan­mak­dan, my­na­syp iş­le­ri üp­jün et­mek­den we yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak­dan, se­na­gat­laş­dyr­ma­gy, in­no­wa­si­ýa­la­ry we inf­rast­ruk­tu­ra­ny ýo­la goý­mak­dan, deň­siz­li­gi azalt­mak­dan, dur­nuk­ly şä­her­le­ri we ilat­ly ýer­le­ri dö­ret­mek­den, jo­gap­kär­çi­lik­li sarp ediş­li­gi we önüm­çi­li­gi dö­ret­mek­den, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek­den, deň­ziň eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­rap sak­la­mak­dan, gu­ry ýer eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­ny go­rap sak­la­mak­dan, pa­ra­hat­çy­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy ga­zan­mak­dan, ne­ti­je­li eda­ra­la­ry dö­ret­mek­den, dur­nuk­ly ösü­şiň bäh­bi­di­ne hyz­mat­daş­lyk sak­la­ma­gy ýo­la goý­mak­dan yba­rat­dyr.
Eziz Di­ýa­ry­my­zy, bag­ty­ýar hal­ky­my­zy Dur­nuk­ly ösü­şiň mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­mak­da ynam­ly ýol­lar bi­len öňe alyp bar­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­za al­kyş­la­ry­myz bi­möç­ber­dir. Goý, ola­ryň be­lent baş­la­ry aman, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li dur­muş-yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin.

Ýe­di­baý BAÝ­RAM­DUR­DY­ÝEW,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.