Ita­li­ýa­nyň mer­ke­zin­dä­ki to­kaý­lar­da giz­le­nen San-Ma­ri­no dün­ýä­niň iň ga­dy­my res­pub­li­ka­sy ha­sap­lan­ýar. 1700 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri ga­raş­syz bo­lan bu ki­çi­jik ýurt ta­ry­hy ýer­le­ri, owa­dan te­bi­ga­ty we me­de­ni baý­lyk­la­ry bi­len köp­çü­li­giň ün­sü­ni özü­ne çek­ýär.
Ita­li­ýa­nyň or­ta­syn­da, Ad­ria­tik deň­zi­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän, iki müň ýyl­lap ga­raş­syz­ly­gy­ny sak­lap gel­ýän San-Ma­ri­no meý­da­ny ba­bat­da dün­ýä­niň iň ki­çi üçün­ji ýur­du­dyr. Ýur­duň tut­ýan meý­da­ny 61,19 ine­dör­dül ki­lo­metr bo­lup, 35 müň­den gow­rak ila­ty bar. Ila­tyň esa­sy bö­le­gi ital­ýan­ça gep­leş­ýär. Ýa­şu­ly ila­tyň ara­syn­da ro­mag­nol şi­we­si hem ula­nyl­ýar. Ýur­duň ady­bir paý­tag­tyn­da ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len ta­ry­hy ýer­ler bar.
301-nji ýy­lyň 3-nji sent­ýab­ryn­da res­mi taý­dan esas­lan­dy­ry­lan bu ýurt ta­ry­hyň do­wa­myn­da bir­nä­çe öw­rü­li­şik­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. 1862-nji ýyl­da Ita­li­ýa­nyň gol çek­me­gi we ra­zy­ly­gy bi­len şäher döwleti aý­ra­tyn ýurt hök­mün­de yk­rar edil­ýär.
San-Ma­ri­no Mon­te Ti­ta­no tö­we­re­gin­de, Emi­li­ýa-Ro­mag­na we Ita­li­ýa­nyň Mar­çe se­bit­le­ri­niň ara­syn­da ýer­leş­ýär. Bu ýur­da Ri­mi­ni şä­he­rin­den 20 mi­nut­da, Bo­lo­ni­ýa­dan 2 sa­gat­da ba­ryp bol­ýar. Mon­te Ti­ta­no, Guai­ta, Çes­ta de­pe­le­ri ýur­duň esa­sy sim­wol­la­ry ha­sap­lan­ýar. Bu üç de­pä­niň üs­tün­de ta­ry­hy ga­la­lar ýer­le­şip, ýur­da bar­ýan sy­ýa­hat­çy­la­ryň esa­sy ge­ze­lenç ed­ýän ýer­le­ri­dir. Esa­san hem, ta­ry­hy Ma­ri­no şä­he­ri ýur­duň esa­sy me­de­ni we sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi hök­mün­de ta­pa­wut­lan­ýar.
Ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de esa­sy or­ny sy­ýa­hat­çy­lyk we oba ho­ja­ly­gy eýe­le­ýär. Ýurt­da üzüm­dir süýt önüm­le­ri has köp ön­dü­ril­ýär. San-Ma­ri­no peý­nir­le­ri bi­len ta­nal­ýar. Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ag­za­sy bol­ma­dyk ýurt­da wal­ýu­ta hök­mün­de ýew­ro ula­nyl­ýar. San-Ma­ri­no­nyň şa­ýy­lyk teň­ňe­le­ri hem sy­ýa­hat­çy­la­ryň ara­syn­da örän meş­hur­dyr. Ýur­da gi­reň­soň pas­por­ta ýel­men­ýän mar­ka­lar sy­ýa­hat­çy­lar üçin iň go­wy ýa­dy­gär­lik ha­sap­lan­ýar. Her ýyl or­ta­ça 2 mil­li­on sy­ýa­hat­çy bar­ýan bu ýur­da uçar­ly, gä­mi­li ýa-da ot­lu­ly ba­ryp bol­ma­ýar. San-Ma­ri­no Ri­mi­ni şä­he­rin­den ulag­ly ýa-da ýö­räp ba­ryp bol­ýar. Ta­ry­hy ýer­le­ri we te­bi­ga­ty sö­ýü­ji­ler üçin San-Ma­ri­no iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir.