2-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň gat­naş­ma­gyn­da paý­tag­ty­my­zyň Sag­lyk ýo­lun­da köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş ge­çi­ril­di. Bu çä­re jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ber­ki­dil­me­gin­de, aý­ra­tyn-da, ýaş­la­ryň be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ryn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­dy.
Köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş baş­lan­ma­zyn­dan ozal, Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň hem-de mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da Sag­lyk ýo­lu­ny yl­gap geç­mek bo­ýun­ça ýa­ryş gu­ral­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň aw­tou­la­gy ir sä­her bi­len Sag­lyk ýo­lu­nyň baş­lan­ýan ýe­rin­dä­ki meý­dan­ça gel­di. Bu ýer­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mä­hir­li gar­şy­la­nyl­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň aý­dym-saz­ly çy­kyş­la­ry­ny syn­la­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bat­ly ga­dam­lar bi­len Sag­lyk ýo­lun­da ýö­ri­şe baş­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň gö­rel­de­si­ne eýe­rip, ýur­du­my­zyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy, Hö­kü­met ag­za­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry hem-de we­kil­le­ri, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, şeý­le hem ta­lyp ýaş­lar ýö­ri­şe go­şul­dy­lar.
Köp­çü­lik­le­ýin ýö­ri­şiň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň paý­tag­ty­my­za gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry B.An­na­mäm­me­dow­dan al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len gy­zyk­lan­dy. Wi­se-prem­ýer hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze paý­tag­ty­my­zyň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler, gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan des­ga­lar­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­ne ün­si çe­kip, şä­her inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny kä­mil­leş­dir­mek, paý­tag­ty­myz­da­ky se­ýil­gäh­le­re we se­ýil­bag­la­ra ta­la­ba la­ýyk ideg et­mek, şä­her ýa­şaý­jy­la­ry üçin amat­ly şert­le­ri we sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ni he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Şeý­le hem şol gün, Sag­lyk ýo­lun­da köp­çü­lik­le­ýin ýö­riş ta­mam­la­nan­dan soň­ra, hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ni sy­lag­la­mak hem-de Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň hem-de mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň ara­syn­da Sag­lyk ýo­lu­ny yl­gap geç­mek bo­ýun­ça ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne baý­rak­la­ry gow­şur­mak da­ba­ra­sy bol­dy.
Çä­rä­niň do­wa­my­na Türk­me­nis­tan­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň we­kil­le­ri­niň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­gär­le­ri­niň, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da Sag­lyk ýo­lu­ny yl­gap geç­mek bo­ýun­ça şu gün gu­ra­lan ýa­ry­şyň ýe­ňi­ji­le­ri­ne ýa­dy­gär­lik sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Soň­ra köp san­ly gat­na­şy­jy­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ýe­ňi­ji bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ne we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­ne hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň we türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyn­dan gym­mat ba­ha­ly sow­gat­lar gow­şu­ryl­dy.
Sy­lag­la­ra my­na­syp bo­lan­lar hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowa hem-de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk söz­le­ri­ni be­ýan et­di­ler hem-de dün­ýä­niň sport gi­ňiş­li­gin­de ata Wa­ta­ny­my­za mun­dan beý­läk-de my­na­syp we­kil­çi­lik et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.