Russiýa Federasiýasynyň poçtasy 16-njy ýanwarda iňlis ýazyjysy Tomas Maýn Ridiň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlap, özboluşly markaly bukjany dolanyşyga çykarandygyny habar berdi. Ýazyjy köp sanly başdan geçirmelere we hadysalara baý romanlary bilen meşhurdyr. Ol esasan hem, 1973-nji ýylda ekranlaşdyrylan “Başsyz atly” eseri bilen giňden tanalýar. “Dünýä medeniýetiniň işgärleri” tapgyrynyň çäklerinde neşir edilen bukjada ýazyjynyň suraty şekillendirilipdir. Onuň tiražy 1 million nusgadan ybarat.
Tomas Maýn Rid 1818-nji ýylyň 4-nji aprelinde irlandiýaly ruhanynyň maşgalasynda dünýä inýär. Tomasyň ene-atasy güzeranynyň pesligine garamazdan, oňa oňat bilim bermek üçin tagalla baryny edýär. Ol Belfast kollejinde okap, matematika, dil, ritorika we sport ýaly ugurlarda üstünlik gazanýar.
Ol başdan geçirmeleriň gözleginde bolup, 1840-njy ýylda Amerika gidýär. Ol ýerde toplan tejribelerini soňra öz eserlerinde ulanýar. Ol Amerikada indeýler bilen söwda etmek we gymmatbaha derili ýyrtyjylary awlamak bilen gyzyklanýar. Maýn Ridiň ilkinji gezek ýazmaga synanyşyklary 1842-nji ýyl bilen senelenilýär. Ol öz döredijiligini şahyrçylyk bilen başlap, onuň käbir eserleri “Ýönekeý okuwçy” tahallusy bilen “Pittsburg Kronikl” gazetinde neşir edilýär. Şeýle hem ol “Söýgüden ejir çeken” pýesasynyň awtory bolup, ol ýerli teatrlaryň birinde sahnalaşdyrylýar. Ol 1843-nji ýylda amerikan ýazyjysy Edgar Alan Po bilen tanyşýar.
Ol 1846-1848-nji ýyllarda meksikan urşuna gatnaşyp, ol ýerde “Spirit of the time” gazetiniň habarçysy bolup işleýär. Soňra ol bolup geçen ähli wakalary birinji romanynda beýan edýär. Ýazyjy Çapultepekiň eteginde bolan söweşlerde aýagyndan ýaralanýar we bu galan bütin ömrüniň dowamynda oňa yza berýär. Garrylyk çagynda ýara zerarly maýyp galyp, pişekli ýöremeli bolýar. 1848-nji ýylda kapitan çinini alyp, işden gidýär hem-de Ýewropa dolanmaga mümkinçilik alýar.
1858-nji ýylda onuň “Erkin peýkamlar” atly ilkinji romany çap edilip, onda meksikan söweşi barada gürrüň berilýär. Soňky onýyllyklarda onuň “Kwarteron”, “Skalpyň awçylary” we “Oseola – seminoleleriň serdary” ýaly romanlary neşir edilip, bu eserler oňa uly abraý getirýär. Ol 35 ýaşynda aristokrat maşgalasyndan bolan gyza öýlenýär. Ol geň-taň durmuşy zerarly maddy kynçylyga uçraýar we bergä batýar. 49 ýaşynda ýene-de Amerika göçýär. Ýöne ol Amerikada üstünlik gazanyp bilmeýär we üç ýyldan soň, aýaly bilen birlikde, Angliýa mydamalyk dolanýar. Ridiň ömrüniň soňky ýyllary ýaşlar üçin niýetlenen ylmy-populýar eserleri döretmek bilen geçýär. Ol 1883-nji ýylda nerw we fiziki näsaglygyň ýüze çykmagy zerarly aradan çykýar. Onuň eserleri nemes, fransuz, ispan, italýan, rus we şwed dillerine terjime edildi.