Gyrgyz Respublikasynda şu ýyl meşhur ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň (1928-2008) 90 ýyllyk ýubileýi giňden bellenýär. Ýurtda bu senäniň hormatyna “Dünýä Aýtmatowy okaýar” atly çäre geçirilýär. Isleg bildirýänler Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden 2 minutdan köp bolmadyk parçany okaýan pursatyny wideo ýazgy edip, ýazyja niýetlenen jemgyýetçilik torundaky onlaýn rolige goşmaly. Oňa Gyrgyz Respublikasynyň okuw mekdepleriniň okuwçylary we talyplary, şol sanda daşary ýurtda okaýan talyplar hem gatnaşyp bilerler. Şeýle hem daşary ýurtda okaýan talyplara parçany öz bolýan ýurdunyň dilinde-de okamaga rugsat edilýär. “Dünýä Aýtmmatowy okaýar” atly çäre ýurduň Bilim we ylym ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
Çingiz Aýtmatow dünýä belli gyrgyz ýazyjysy, žurnalisti, terjimeçisi, diplomaty we syýasatçysydyr. Ol türki dünýäsiniň iň görnükli wekilleriniň biridir. Ol dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren eserleri bilen umumy türki gymmatlyklaryny bütin dünýä tanatmagy başaran ýazyjy.
Ol 1928-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Gyrgyzystanyň Talas etrabynyň Şeker obasynda ýurtda tanalýan döwlet işgäri Törekul Aýtmatowyň maşgalasynda dünýä inýär. Çingiziň ejesi tatar zenany Nagima Abduwaliýewa teatr aktrisasydy. Meşhur ýazyjynyň ýaşlygy örän kyn döwre – Ikinji jahan urşunyň dowam edýän döwrüne gabat gelýär. Ol on dört ýaşynda obasyndaky oba geňeşligine işe girýär. Çingiz Aýtmatow 1948-nji ýylda weterinar hünärmentçilik mekdebini tamamlap, oba hojalyk institutyna okuwa girýär hem-de ony 1953-nji ýylda tamamlaýar.
Ol 1956-njy ýylda Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky edebiýat institutynyň ýokary edebiýat kursuna okuwa girip, ony 1958-nji ýylda tamamlaýar. Şol ýyllarda ol “Prawda” gazetinde çykyş edip başlaýar. Zehinli ýazyjynyň ilkinji ýazan eserleri okyjylaryň arasynda bada-bat meşhurlyk gazanýar we ol 1957-nji ýylda SSSR-iň Ýazyjylar birleşigine kabul edilýär.
Çingiz Törekulowiç Aýtmatow özüniň “Jemile”, “Ilkinji mugallym”, “Hoş gal, Gülsary!”, “Ir uçan durnalar”, “Ak gämi”, “Asyra barabar gün” we beýleki köp sanly eserleri bilen bütin dünýäde tanalýan awtorlaryň biridir. “Jemile” powesti ýazyja şöhrat getiren eserleriň biridir. Ikinji jahan urşunyň yz ýanlaryndan başlap edebi eserleri bilen uly abraýa eýe bolan Çingiz Aýtmatow “Jemile” powestinden öň birnäçe hekaýalary we “Ýüzbe-ýüz” powestini ýazypdy. Fransuz şahyry Lui Aragon “Jemile” powestine “Dünýäniň iň ajaýyp söýgi kyssasy” diýip baha beripdi. Ýazyjy eserlerinde mifologiýa has köp üns berip, onuň maksady mifologiýany gadymy galyplardan çykaryp, döwrebap görnüşde ýugrup, gaýtadan dikeltmekdi. Ýazyjy öz eserlerinde miflere, rowaýatlara, halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenýär. Meşhur ýazyjy 1966-njy ýyldan başlap eserlerini diňe rus dilinde ýazyp başlaýar. Kitaplary 176 dile terjime edilýär.
Çingiz Aýtmatowyň eserleri dogruçyllygy, gahrymanlarynyň sada, okyjynyň durmuşda häli-şindi görüp ýören adamlarydygy, wakalaryň durmuşylygy, käte ýowuzdygy, olarda durmuş hakykatynyň dabaralanýandygy, diliniň biçak çeperdigi bilen aýratyn tapawutlanýar. Hut şuňa görä-de, meşhur ýazyjynyň ençeme eserleriniň wakalary boýunça kinofilmler, sahna eserleri döredilip, talapkär tomaşaçylara hödürlendi. Meşhur ýazyjynyň eserleri öz wagtynda ençeme edebiýat baýraklaryna mynasyp boldy. Ýazyjy öz edebi işleriniň gapdalyndan Ýewropa Bileleşigi, ÝUNESKO ýaly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän gyrgyz wekiliýetine hem ýolbaşçylyk edýär. Ol 2007-nji ýylda “Altyn ýürek” baýragyny alýar. Ýazyjynyň “Jemile”, “Ene toprak”, “Deňiz kenarynda ylgaşlaýan ala köpek”, “Hoş gal, Gülsary!”, “Elwan ýaglykly serwim”, “Ak gämi” ýaly powestleri türkmen diline hem terjime edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi.
Çingiz Aýtmatow meşhur ýazyjylarymyz Berdi Kerbabaýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Gara Seýitliýew dagy bilen dostana gatnaşykda bolupdy. Ol bu galamdaşlarynyň öýünde ençeme gezek myhmançylykda bolupdy. Çingiz aga Magtymgulynyň doglan gününiň 150 ýyllyk dabarasyna, öz eserleri boýunça paýtagtymyzyň teatrlarynyň sahnasynda goýlan spektakllaryň açylyş dabarasyna gatnaşypdy.
Çingiz Aýtmatow “Asyra barabar gün” romanynyň kino düşürilişine tomaşa etmek üçin Tatarystanyň paýtagty Kazana gidende, 2008-nji ýylda näsaglaýar we böwreginde ýetmezçilik ýüze çykyp, bejergi üçin Germaniýa äkidilýär. Nýurnbergdäki “Klinikum Nord” hassahanasynda bejergi almaga başlan ýazyjy 2008-nji ýylyň 10-njy iýunynda aradan çykýar.