1838-nji ýylyň 3-nji noýabrynda dünýäniň iň köp tiražly iňlis dilli gazeti bolan “The Times of India” neşiri esaslandyrylýar. Ilkibaşda “The Bombay Times and Journal of Commerce” (Bombeý habarlary we täjirçilik žurnaly) ady bilen çykarylan gazet häzirki wagtda Hindistanyň iň köp tiražly dördünji gazetidir. Şeýle hem “The Times of India” Hindistanda neşir edilen ilkinji iňlis dilli gazetdir. Şol döwürler hepdäniň çarşenbe we şenbe günleri neşir edilen gazet häzirki wagtda gündelik çykýar.