“Ferrari” kompaniýasynyň esaslandyrylan gününden bäri onuň öndüren awtoulaglarynyň 90 göterimi heniz hem ulanyşda. Maglumatlara görä, brendiň sürlüp ýören ulaglarynyň umumy sany 300 müňden geçýär. Ilkinji nusgalary 1930-njy ýyllarda peýda bolan “Ferrari” ikinji eliň bazarynda geçginli ulag bolmagynda galýar.