Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň telekeçilerine nah ýüplük we nah mata, şeýle hem portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 557 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 18 million 390 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, buýan kökünden taýýarlanan çaý içgisini we nah ýüplügi satyn aldylar.
Esasy Telekeçilik Birža söwdalarynda geleşikleriň bahasy 1 million 557 müň dollardan gowrak boldy