1940-njy ýylyň sentýabrynda Fransiýanyň Montinýak kommunasynyň La Roşfuko-Monbel atly ýerinde 18 ýaşly Marsel Rawida (Marcel Ravidat) iti bilen gezip ýörkä, goparylan agajyň ýerinde galan çukury barlamagy netijesinde gadymy gowak ýüze çykarylýar. Soňra Rawida üç dostuny alyp şol ýere gaýdyp gelýär. Ilkibaşda bu ýerde 15 metrlik çuňlukdaky guýynyň üstünden barylýar. Soňra gowagyň ýeke-täk köwek däl, has uly ýerasty ulgamdygy mälim bolýar. Gowagyň diwarlarynda müňlerçe ýyl ozal çekilen haýwanlaryň ajaýyp şekilleri ýerleşýärdi. Suratlarda atlar, bizonlar, sugunlar we beýleki haýwanlar şekillendirilipdir. Alymlar olaryň takmynan, 17 müň ýyl ozal çekilendigini kesgitlediler. Bu suratlar şol döwrüň adamlarynyň sungat ukybynyň örän ösendigini görkezýär. Lasko gowagy adamzadyň iň gadymy sungat miraslarynyň biri hasaplanýar. 1979-njy ýylda bu gadymy miras ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär.
PDF








