ABŞ-da Pre­zi­dent saý­la­wy ge­çi­ril­ýär. Wagt ta­pa­wu­dy se­bäp­li ABŞ-da en­tä­gem 5-nji no­ýabr. Düz­gü­ne gö­rä, haý­sy da­laş­gä­riň we­kil­le­ri­niň sa­ny 270-e ýet­se, şol hem Pre­zi­dent saý­lan­ýar. En­tek do­ly bel­li bol­ma­sa-da, Tramp öň­de bar­ýar. Eger ga­ra­şy­ly­şy ýa­ly Tramp pre­zi­dent saý­la­nan ýag­da­ýyn­da ýurt­da 132 ýyl ozal­ky wa­ka gaý­ta­la­nar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Do­nald Tramp 2016-njy ýyl­da ge­çi­ri­len saý­law­da Hil­la­ri Klin­ton bi­len bäs­le­şip, ýe­ňiş ga­za­nyp­dy, şeý­le­lik­de 2017-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­da Pre­zi­dent we­zi­pe­si­ne gi­ri­şip­di. 2020-nji ýyl­da­ky saý­law­da bol­sa, ikin­ji möh­le­te hem da­laş­gär bol­dy, em­ma Jo­zef Baý­den­den ýeň­lip­di.
Mun­dan ozal ýur­duň ta­ry­hyn­da şeý­le wa­ka 132 ýyl ozal bo­lup ge­çip­dir. Gro­wer Kliw­lend saý­law­da ýeň­lip, bel­li bir wagt­dan soň­ra gaý­ta­dan Ak Ta­ma ba­ryp­dyr. Ol 1885-1889-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da bir möh­let bu we­zi­pä­ni ýe­ri­ne ýe­ti­rip­dir. Kliw­lend 1888-nji ýyl­da­ky saý­law­da da­laş­gär bo­lup­dyr, em­ma ýeň­lip­dir. 1892-nji ýyl­da bol­sa, Res­pub­li­kan par­ti­ýa­nyň da­laş­gä­ri Ben­ja­min Har­ri­son­dan öňe saý­la­nyp, gaý­ta­dan bu we­zi­pä ge­çip­dir.